Oýun sanawy

Marsda ilkinji gezek ýakut we sapfir emele getirýän mineral tapyldy

22 Mart. 13:56

Çeşme

NASA-nyň "Perseverance" mars apparaty Gyzyl planetanyň ýüzünde ilkinji gezek korundyň — Ýer ýüzünde ýakut (rubin) we sapfirleriň emele gelmegine sebäp bolýan mineralyň spektral alamatlaryny ýüze çykardy. Bu ylmy açyş Ýezero krateriniň gyrasyndaky dag jynslarynyň düzüminde tapyldy. Alymlar indi bu mineralyň Marsyň özboluşly we Ýerdäkiden düýpli tapawutlanýan şertlerinde nähili kemala gelip bilendigi baradaky sowallara jogap gözleýärler.

"Perseverance" apparaty 2021-nji ýylyň fewralynda Ýezero kraterine gondy we şol wagtdan bäri planetanyň geçmişini öwrenmegini dowam edýär. Bu sebit geçmişde suwuň bolan bolmagy we gadymy ýaşaýşyň yzlaryny saklamagy ähtimal ýer hökmünde saýlanypdy. Korund ýaly minerallaryň tapylmagy bolsa krateriň geologik taryhynyň öň çaklanylyşyndan has çylşyrymly bolandygyny we ýokary basyşly ýa-da gyzgynlykly hadysalaryň bolup geçendigini görkezýär.

Dag jynslarynyň düzümini anyklamak üçin "SuperCam" atly ýöriiteleşdirilen lazer guraly ulanylýar. Bu gural daşlaryň ýüzüne lazer şöhlesini goýberip, materialyň örän inçe gatlagyny bugardýar we plazma emele getirýär. Şol plazmanyň şöhlelenmesi laboratoriýada seljerilip, mälim bolan minerallaryň spektrleri bilen deňeşdirilýär. Şeýlelikde, alymlar göni el degirmezden, millionlarça kilometr uzaklykdan daşlaryň himiki düzümini anyklap bilýärler.

Los-Alamos milli laboratoriýasynyň alymlar topary Ýezero kraterindäki "Hampden_River", "Coffee_Cove" we "Smiths_Harbour" diýlip atlandyrylan üç sany nusgany jikme-jik öwrendiler. Ozal bu daşlaryň düzüminde diňe plagioklaz mineralynyň bardygy çaklanylýardy. Emma geçirilen barlaglar üç walentli hromyň aýdyň alamatlaryny ýüze çykardy, bu bolsa korundyň (rubin we sapfiriň esasy mineraly) bardygyny ylmy taýdan tassyklady.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Arsenalyň» wingeri Bukaýo Saka ynsanperwerlik işleri üçin abraýly Sokrates baýragyna mynasyp boldy

Bugün 05:10

Çeşme

Londonyň «Arsenal» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Bukaýo Saka köp sanly ýurtlarda mätäç adamlara we çagalara beren ynsanperwerlik kömegi üçin abraýly Sokrates baýragy bilen sylaglandy. Bu halkara sylag futbolçy 26-njy oktýabrda Londonda geçirilen «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Saka kyn ýagdaýa düşen maşgalalara hem-de çagalara lukmançylyk kömegini berýän «Big Shoe» haýyr-sahawat guramasy bilen bütin dünýä boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrýar.

Bilelikdäki haýyr-sahawat taslamalarynyň çäklerinde iňlis futbolçysy Nigeriýada we beýleki Afrika ýurtlarynda çagalar üçin gaýragoýulmasyz hirurgiki operasiýalary maliýeleşdirmäge giňden goldaw berdi. «France Football» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ynsanperwer amallaryň netijesinde 100-den gowrak çaga saglygyny dikeltmek üçin zerur bolan lukmançylyk kömegini aldy. Mundan başga-da, Saka Türkiýede we Marokkoda bolup geçen weýrançylykly ýertitremelerden ejir çeken maşgalalar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly möçberde serişde gönükdirdi.

Sokrates baýragy 2022-nji ýylda «France Football» žurnaly tarapyndan «Peace and Sport» guramasy hem-de meşhur braziliýaly futbolçy Sokratesiň maşgalasy bilen bilelikde döredildi. Bu baýrak futbol wekillerine meýdançadan daşary amala aşyran jemgyýetçilik we ynsanperwerlik taslamalary üçin gowşurulýar. Baýragyň taryhdaky ilkinji eýesi senegally hüjümçi Sadio Mane bolupdy, Sakanyň bu ýeňşi bolsa sportuň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýene bir gezek dünýä aýan etdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌