Oýun sanawy

Visa we OpenAI ChatGPT-de awtomatiki söwda amallaryny ýola goýmak barada ylalaşdylar

15 Iýun. 09:07

Çeşme

Visa kompaniýasy öz töleg ulgamyny ChatGPT platformasyna birleşdirdi. Bu täzelik emeli aň kömekçisine ulanyjylaryň öňünde goýan şertlerine görä harytlary saýlamaga we söwda amallaryny özbaşdak amala aşyrmaga şert döredýär.

Taslamanyň çäginde OpenAI karar kabul etmek we özara täsir tehnologiýalaryna jogap berse, Visa tölegleri tassyklamak hem-de howpsuzlygy üpjün etmek wezipesini ýerine ýetirer. Emeli aň agentleri Visa kartlaryny kabul edýän ähli söwda nokatlarynda amallary ýerine ýetirip bilerler. Hyzmatdan peýdalanmak üçin ulanyjylar öz kartlaryny ChatGPT ulgamyna birleşdirmelidirler. Howpsuzlyk maksady bilen çykdajy çäklendirmeleri, amallary tassyklamak ulgamy we ynamdar satyjylaryň sanawy göz öňünde tutuldy.

Visa kompaniýasynyň önümler we strategiýa boýunça direktory Jek Forestelliň bellemegine görä, ilkinji döwürde amallaryň köpüsi ulanyjynyň tassyklamagy arkaly geçiriler. Sebäbi sarp edijileriň emeli aňa maliýe amallaryny doly ynanmagy üçin wagt gerek bolar. Taraplar ylalaşygyň maliýe şertlerini mälim etmediler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy

Bugün 06:20

Çeşme

Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.

Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.

Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌