Oýun sanawy

Astronomlar Gün ulgamynda ýaşaýyş döremäge ukyply iki sany hemrany anykladylar

29 Aprel. 12:16

Çeşme

Häzirki zaman ylmynyň iň uly sowallarynyň biri bolan "Ýerden başga ýerlerde ýaşaýyş barmy?" diýen soraga astronomlar täzeçe garaýyşlary hödürleýärler. Russiýaly meşhur astronom Sergeý Nazarow Gün ulgamynyň çäklerinde biologik ýaşaýşyň döräp biljek iň ähtimallar ýerleriniň ikisini anyklady. Bular Saturnyň hemrasy Enselad we Ýupiteriň hemrasy Ýewropadyr.

Alymyň tassyklamagyna görä, bu asman jisimleriniň iň esasy aýratynlygy olaryň galyň buz gatlagynyň aşagynda gizlenip ýatan ägirt uly ummanlarynyň bolmagydyr. Suw ýaşaýyş üçin zerur bolan ilkinji we iň möhüm şert bolup, bu hemralardaky suw gorlary Ýerdäki ummanlardan hem has köp bolup biler. Bu bolsa mikroskopik derejedäki ýaşaýyş üçin amatly gurşaw döredýär.

Suwdan başga-da, Enselad we Ýewropada ýaşaýşyň döremegi üçin zerur bolan çylşyrymly himiki elementler we energiýa çeşmeleri tapyldy. Hususan-da, kosmos apparatlary arkaly geçirilen barlaglar buz ýaryklaryndan çykýan buglaryň düzüminde organiki birleşmeleriň bardygyny görkezdi. Alymlar bu şertleriň "ýaşaýyş üçin ojak" bolup hyzmat edip biljekdigini nygtaýarlar.

Geljekde bu iki hemra halkara kosmos agentlikleriniň esasy barlag merkezine öwrüler. Täze ylmy ekspedisiýalar buz gatlaklarynyň aşagyna aralaşmagy we şol ýerlerde janly organizmleriň yzlaryny gözlemegi meýilleşdirýärler. Nazarowyň bu ylmy çaklamasy, adamyň älem baradaky düşünjesini düýpgöter üýtgedip biljek açyşlaryň başlangyjy hasaplanylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌