Oýun sanawy


ChatGPT adatdan daşary ýagdaýlar üçin täze howpsuzlyk ulgamyny ornaşdyrýar
12 Maý. 07:08OpenAI kompaniýasy özüniň emeli aň ulgamy bolan ChatGPT üçin «Trusted Contact» (Ynamdar şahsyýet) diýlip atlandyrylýan täze funksiýany hödürledi. Bu innowasion gural ulanyjylaryň psihologik saglygyny goramaga we kyn ýagdaýa düşenlerinde olara wagtynda kömek bermäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda bu hyzmat meýletin sazlama hökmünde diňe kämillik ýaşyna ýeten ulanyjylar üçin elýeterli edildi.
Täze ulgamyň işleýiş tertibine görä, ulanyjy özüne ýakyn bolan bir adamy ynamdar şahsyýet hökmünde belläp bilýär. Eger emeli aňyň algoritmleri ulanyjy bilen bolan ýazyşmalarda öz-özüne zyýan ýetirmek ýaly howply meýilleri anyklasa, ýörite barlag amallary başlanýar. Ilki bilen ulanyja kömek soramak barada duýduryş berilýär, soňra bolsa ýagdaý hünärmenler tarapyndan seljerilýär.
Howpsuzlyk çäreleriniň çäginde maglumatlaryň gizlinligine aýratyn üns berilýär. Eger hünärmenler howpuň çynlakaýdygyny tassyklasalar, bellenen ynamdar şahsyýete habarnama ugradylýar, emma şol bir wagtyň özünde ulanyjynyň şahsy ýazyşmalarynyň mazmuny gizlin saklanýar. Ynamdar adama diňe umumy ýagdaý barada maglumat we zerur bolan goldaw maslahatlary berilýär.
Bu taslama Amerikanyň psihologiýa assosiasiýasy we kliniki lukmanlar bilen bilelikde taýýarlanyldy. Ekspertler bu başlangyjyň sanly dünýäde adamlaryň ruhy saglygyny goramakda möhüm ädimdigini belleýärler. Şol bir wagtyň özünde, täze funksiýa jemgyýetde şahsy maglumatlaryň goragy we emeli aňyň seljeriş ukyplary barada dürli garaýyşlaryň döremegine sebäp boldy.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.