Oýun sanawy

Nurygandym Hojamuhammedow: «Saz — halkyň ruhy bilen söhbetdir»

23 Mart. 14:23

Çeşme

Aşgabatda üstünlikli geçirilen döredijilik agşamyndan soň, beyan.tm saýtynyň redaksiýasy Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor we dirižor Nurygandym Hojamuhammedow bilen söhbetdeş boldy. Ol söhbetdeşlikde konsert baradaky täsirleri bilen paýlaşdy, saz sungatynyň ähmiýeti barada gürrüň berdi hem-de bu çärä gatnaşan ähli adamlara minnetdarlyk bildirdi.

 

— Ilki bilen sizi üstünlikli geçen döredijilik agşamyňyz bilen gutlaýarys. Konsertden soň nähili duýgulary başdan geçirýärsiňiz?

 

— Ilki bilen, bu çäräniň geçirilmegine gatnaşan ähli adamlara tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirmek isleýärin. Bu köp adamyň zähmetiniň netijesi, men olaryň her birine minnetdar. Şeýle hem, çakylygy kabul edip, bizi goldamaga gelen ähli myhmanlara aýratyn sagbolsun aýdýaryn. Bu meniň üçin örän gymmatlydyr.

 

— Konsert tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Agşamyň ýagdaýy barada näme aýdyp bilersiňiz?

 

— Agşam örän ýyly we täsirli ýagdaýda geçdi. Men tomaşaçylar bilen aýratyn baglanyşygy duýdum. Olaryň ünsüni we saza bolan hormatyny görmek döredijilik üçin uly ylham berýär.

 

— Siziň eserleriňizde milli däpler bilen häzirki zaman sazynyň utgaşmasy aýratyn duýulýar. Munuň aýratynlygy nämede?

 

— Saz — bu nesilleri birleşdirýän dildir. Men milli däplerimizi saklamak bilen bir wagtda olary ösdürmäge çalyşýaryn. Şeýlelikde, saz häzirki döwrüň diňleýjileri üçin hem düşnükli bolýar.

 

— Kimlere aýratyn minnetdarlyk bildirmek isleýärsiňiz?

 

— Ilki bilen, ýurdumyzyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin. Olar tarapyndan medeniýete berilýän goldaw ýurdumyzyň ösüşinde uly ähmiýete eýedir. Olara berk jan saglyk, abadançylyk we döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

 

Şeýle hem, konsertimize gatnaşan ähli tomaşaçylara ýene-de bir gezek sagbolsun aýdýaryn. Medeniýete, türkmen sungatyna we saza hormat goýýan tomaşaçylary görmek meniň üçin iň uly baýrakdyr.

 

— Geljekde döredijilik meýilnamalaryňyz nähili?

 

— Men döredijilik işimi dowam etdirmegi meýilleşdirýärin. Täze eserleri döretmek we diňleýjileri begendirmek meniň esasy maksadym.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌