Oýun sanawy


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gündogar senenamasyna görä ýetip gelýän At ýyly mynasybetli watandaşlaryna gutlag hatyny iberdi. Bu ýüzlenme TDH döwlet habarlar agentliginiň saýtynda çap edildi.
Gutlagynda Milli Lider atlary türkmen halkynyň milli buýsanjy hem-de ýurduň uly üstünlikleriniň nyşany hökmünde häsiýetlendirdi. Ol täze ýylyň halkyň arzuw-islegleriniň hasyl bolmagyna, Watanymyzyň ösüşine, abadançylygyna we bereketine ýardam etmegini arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, at türkmenleriň ruhy mirasynda aýratyn orny eýeleýär we güýç-kuwwatyň, mertebäniň hem-de ösüşiň nyşany bolup durýar. Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylda hem uly üstünlikleriň, şatlykly günleriň yzygiderli dowam etmegine ynam bildirdi.
Şeýle-de gutlag hatynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli hem mähirli sözler beýan edildi. 12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde bellenilen bu şanly sene Milli Lider tarapyndan halkyň jebisliginiň we abadançlygynyň esasyny düzýän milli gymmatlyk hökmünde häsiýetlendirildi.
Mundan başga-da, Aşgabatda döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen halkara forumyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu forumyň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda möhüm orny eýeläp, Türkmenistanyň bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna halkara derejesinde giň goldawyň bardygyny tassyklandygy bellenildi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem okanyň