Oýun sanawy


Türkmenistanda täze we döwrebap medýa taslamasy — “Shanly Show” tomaşaçylara çäksiz soraglar we hakyky jogaplar arkaly özboluşly gürrüňdeşlik meýdançasyny hödürleýär. Her bölüm aýratyn tematik we mazmun taýdan tapawutlanýar, şeýlelik bilen her gezek tomaşaçylaryň gyzyklanmasyny ýokary derejede saklaýar.
Programmanyň myhmanlary dürli ugurlarda üstünlik gazanan şahsyýetler, döredijilik eýeleri we täsirli durmuş wakalary bolan adamlar bolup, açyk we gyzykly söhbetdeşlikler geçirilýär. Bu diňe bir gepleşik däl, eýsem täze ýüzleriň açylýan, ukyp-başarnyklaryň tanalýan we täsirli gürrüňleriň ýaňlanýan platformasydyr.
“Shanly Show” häzirki zaman media giňişliginde täze format hökmünde tomaşaçylaryň ünsüni çekmegi maksat edinýär. Şeýle hem, taslamanyň esasy maksady — açyk dialogy ösdürmek we talantly adamlary giň köpçülige tanatmakdyr.
Showa gatnaşmak isleýänler üçin mümkinçilik bar.
Öz ussatlygyňyzy görkezmek, gyzykly wakalaryňyzy paýlaşmak ýa-da giň köpçülige tanalmak isleýän bolsaňyz, “Shanly Show” bilen habarlaşyp bilersiňiz.
Belki-de, indiki bölümde çykyş etjek myhman siz bolarsyňyz.


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň