Oýun sanawy

«Al-Nassr» — «Arkadag» oýnunyň eminler düzümi mälim edildi

18 Few. 11:25

Çeşme

Saud Arabystanynda geçiriljek AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap oýnuny dolandyrjak eminler bellenildi. Er-Riýaddaky tutluşykda eýranly we koreýaly hünärmenler işlärler.

Eminler topary:

  • Baş emin: Paýam Heýdari (Eýran).

  • Gapdaldaky eminler: Farhad Farhadpur we Ali Ahmadi.

  • Ätiýaçlyk emini: Hasan Akrami.

  • VAR ulgamy: Wideogözegçilik üçin koreýaly eminler Kim Higon we Çhe Sangýop jogapkär bolar.

«Al-Awwal Park» stadionynda geçiriljek bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 23:15-de başlar. Ýatladyp geçsek, ilkinji oýun 0:1 hasabynda tamamlandy, şonuň üçin «Arkadag» topary üçin bu oýun örän ähmiýetlidir. Janköýerler oýny AFK-nyň YouTube kanalyndan göni ýaýlymda görüp bilerler.

















Türkmen türgenleri Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynda 11 medal gazandylar

08 Sen. 13:45

Çeşme

Gyrgyzystanda geçirilen VI Bütindünýä çarwadarlar oýunlary dabaraly ýagdaýda tamamlandy. Dünýäniň 106 ýurdundan 3 müňe golaý türgeniň gatnaşmagynda geçen bu halkara etnosport ýaryşynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy uly üstünlik gazandy. Biziň pälwanlarymyz bäsleşikleriň netijeleri boýunça 2 altyn, 3 kümüş we 6 bürünç — jemi 11 medal eýeläp, umumy medal sanawynda 7-nji orny eýelediler. Меdal toplamakda birinji orny Gazagystan, ikinji orny Gyrgyzystan, üçünji orny bolsa Russiýa eýeledi.

Milli ýygyndymyzyň türgenleri milli göreş, kuraş, alyş, ssirym, gazak we azerbaýjan göreşleri ýaly ugurlarda tapawutlandylar. Bäsleşikleriň maksatnamasy diňe bir güýç synanyşyklaryny däl, eýsem kök-börü, er-eňiş, guşly aw oýunlary we «otly çapyksuwar» şowusy ýaly täsirli medeni dabaralary hem öz içine aldy. Ýapylyş dabarasynda dron şüweleňi we halkara konsert geçirildi, şeýle hem nobatdaky VII Oýunlary 2028-nji ýylda geçirmek gezegi Russiýanyň Kazan şäherine gowşuryldy.