Oýun sanawy


Duşenbede geçen Sambo boýunça Dünýä Kubogynyň ikinji gününde Türkmenistanyň türgenleri alty medal gazandy
22 Sen. 01:07Duşenbedäki Sambo boýunça Dünýä Kubogynyň ikinji gününde Türkmenistanyň milli ýygyndy topary alty medal — iki altyn, bir kümüş we üç bürünç medal gazandy.
Aýal-gyzlaryň sport sambo görnüşinde, 65 kg agram derejesinde Jemal Owlagulyýewa bürünç medal eýeledi.
Erkekleriň göreş sambo görnüşinde Ahmet Tanryberdiýew (58 kg) we Isa Arslanow (71 kg) altyn medala mynasyp boldular. 64 kg agram derejesinde Sanjarbek Awezberdiýew kümüş medal aldy. Şol bir wagtda, Seýdulla Akmammedow (64 kg) we Abdulla Nazargeldiýew (88 kg) bürünç medal eýelediler.
Bu ýyl Sambo Dünýä Kubogy ilkinji gezek Düşenbe şäherinde 20–21 sentýabr aralygynda geçirilýär. Bäsleşige 10 ýurtdan 180 türgen gatnaşýar. Bäsleşigiň birinji gününde hem türkmen topary bäş medal gazanyp, üstünlikli çykyş etdi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar
26 Okt. 08:09Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.
Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.
Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.
Şeýle hem okanyň