Oýun sanawy


Parahatçylygyň 80 ýyllyk kepili | Aşgabat bilen BMG 2030-njy ýyla çenli hyzmatdaşlyk strategiýasyny berkidýär
24 Okt. 05:5723-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan halkara konferensiýa geçirildi. Çäräde Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem professor-mugallymlar hem-de talyplar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow çykyşynda ýurdumyz tarapyndan alnyp barylýan syýasatyň — BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendigini nygtady. Gurama sekiz onýyllygyň dowamynda dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň kepili bolup gelýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda öňe süren başlangyçlarynyň dünýäde ýüze çykýan çylşyrymly kynçylyklar baradaky düýpli düşünmäge esaslanýandygy we BMG-niň ornunyň pugtalanmagyna gönükdirilendigi bellenildi.
Duşuşykda parahatçylyk we ynam konsepsiýasyny öňe sürmek, halkara hukugyny berkitmek hem-de deňiz çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary goldamak meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Awaziň syýasy jarnamasy» köptaraplaýyn diplomatiýanyň möhüm netijesi hökmünde görkezildi.
Türkmenistanyň BMG-niň 192 halkara konwensiýasyna gatnaşýandygy we 2005-nji ýyldan bäri Guramanyň ulgamy bilen bilelikde umumy bahasy 545 million ABŞ dollaryndan geçýän 566-dan gowrak milli we sebit taslamasyny üstünlikli durmuşa geçirendigi bellenildi.
Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulyýew BMG-niň Ösüş maksatnamasy (PÝOÖ) bilen bilelikde amala aşyrylýan iki taslamanyň durmuşa geçirilişi barada çykyş etdi. Taslamalaryň jemi bahasy 399 müň dollardan gowrak bolup, olaryň maksady ykdysadyýetiň durnukly dürlüleşdirilmegini, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny we Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça milli mümkinçilikleriň ösdürilmegini göz öňünde tutýar.
Saglygy goraýyş ministri Myrat Mämmedow UNICEF we UNFPA bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, täzeleýji milli sanjym senenamasynyň (heksawalent sanjymynyň girizilmegi) kabul edilendigini hem-de reproduktiv saglyk ulgamynyň ösdürilýändigini aýtdy.
Şeýle-de BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi (RCPDCA) bilen hyzmatdaşlygyň sebitiň parahatçylyk we ynam howasyny pugtalandyrmaga goşandynyň ulydygy nygtaldy.
Konferensiýa gatnaşyjylar BMG-niň 80 ýyllygynyň diňe bir taryhy sene bolman, eýsem parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine wepalylygy tassyklamak üçin mümkinçilikdigini bellediler.
Çäräniň jemleýji bölegi hökmünde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda 2026–2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyna gol çekildi. Bu resminama geljek bäş ýylyň dowamynda hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny kesgitleýär we Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň täze, has işjeň tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrýar.
Şeýle hem okanyň


Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçisi türkmen metbugat wekilleri bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdy
24 Okt. 13:042026-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Şener Jebeji Ilçihananyň resmi rezidensiýasynda türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen tanyşlyk ertirlik naharyny gurady. Duşuşyk dostlukly we işjeň ýagdaýda geçirilip, iki ýurduň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer baglanyşyklary hem-de syýahatçylyk ugry boýunça gazanylan sepgitleri jemlemäge we täze bilelikdäki taslamalary maslahatlaşmaga giň mümkinçilik döretdi.
Dostlukly duşuşygyň dowamynda Ilçi Şener Jebeji metbugatyň ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky köprüleri berkidýän hem-de dostlukly gatnaşyklary geljege ugrukdyrýan iň güýçli sütünleriň biridigini aýratyn belledi. Şol bir wagtda ol TRT-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işleriniň we «TRT Awaz» teleýaýlymynyň bütin türki dünýäsine ugrukdyrylan alyp berişleriniň bu ugurda nusgaly mysaldygyny nygtady. Ilçi Türkmenistanyň döwlet we hususy habar beriş serişdeleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmäge açykdyklaryny beýan etdi.
Duşuşykda soňky döwürde Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin Türkiýe Respublikasynda guralan netijeli saparlar we kabul ediş maksatnamalary barada giňişleýin maglumat berildi. Hususan-da, 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabry – 4-nji oktýabry aralygynda Türkiýäni Ösdürmek Agentligi (TGA) tarapyndan Gaziantepde we Şanlyurfada türkmenistanly iki žurnalist kabul edildi. Olar 30-njy sentýabr – 4-nji oktýabr aralygynda Şanlyurfa howa menzilinde geçirilen «TEKNOFEST» awiasiýa, kosmos we tehnologiýalar halkara festiwalynyň çärelerine ýakyndan gatnaşdylar.
Mundan başga-da, TGA hem-de «Türk howa ýollary» (THY) kompaniýasynyň Aşgabat wekilhanasynyň hyzmatdaşlygynda, Türkiýäniň Ilçihanasynyň goldamagynda 2026-njy ýylyň 10–14-nji oktýabry aralygynda 11 adamdan ibarat türkmen wekiliýeti (10 metbugat wekili we ýerli işgär) Çanakkale we Balykesir welaýatlaryna sapar etdi. Žurnalistler saparyň çäklerinde Zeýtun ýagy muzeýinde, Kaz daglarynda, Assos hem-da Troýa gadymy şäherlerinde, Troýa muzeýinde, Gelibolu taryhy zolagynda we Çanakkala şehitleriniň ýadygärliginde bolup, sebitiň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdylar. Umumylykda, 2023–2026-njy ýyllarda geçirilen 14 sany kabul ediş maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistandan jemi 84 adam Türkiýäniň dürli sebitlerinde myhmançylykda boldy.
Iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk ugry bоýunça görkezijiler hem çalt depginler bilen artýar. Maglumatlara görä, 2026-njy ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda Türkmenistandan Türkiýä gelen myhmanlaryň sany 151 887 adama ýetip, bu görkeziji 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,46 göterim artdy. Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy hem global derejede uly üstünlikleri gazanýar: 2017-nji ýylda dünýäde iň köp syýahatçy kabul eden ýurtlaryň arasynda 8-nji orunda duran Türkiýe 2024-nji ýylda 4-nji orna geçdi. Ýurt 2025-nji ýylda 64 million myhmany kabul edip, 65,2 milliard dollar girdeji bilen rekord goýan bolsa, 2026-njy ýylda 68 milliard dollar girdejä ýetmegi maksat edinýär.
Duşuşygyň soňunda Ilçi Şener Jebeji bu tanyşlyk ertirlik naharynyň geçirilen saparlary jemlemek we geljekde bilelikde ädilip bilinjek täze ädimleri maslahatlaşmak üçin örän gymmatly mümkinçilik bolandygyny tassyklady. Ol Ilçihananyň metbugat wekillerinden gelip gowuşjak ähli hyzmatdaşlyk tekliplerini seljermäge taýýardygyy hem-da bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakdan razy boljakdygyny bilidirdi.
Şeýle hem diplomatik wekilçiligiň ýolbaşçysy Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary täze ýokary derejä çykarjak möhüm ýokary derejeli sammitlere we ýubileý çärelerine yzygiderli taýýarlyk görülýändigini belledi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň berk syýasy erk-islegine daýanyp, Ilçihana ikitaraplaýyn birleşikde we iki doganlyk halkyň bähbidine hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek ugrundaky işlerini durnukly dowam etdirer.
Şeýle hem okanyň