Oýun sanawy


Lamin Ýamal awtograflarynyň gymmatyny ýokarlandyrmak üçin olaryň sanyny çäklendirýär
20 Okt. 13:58«Barselona» futbol toparynyň ýaş hüjümçisi Lamin Ýamal awtograf berýän halatlaryny azaltmak kararyna geldi. Mundo Deportivo-nyň habaryna görä, futbolçy meşhur sportçylaryň goly bilen satylýan harytlary bilen meşgullanýan kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyna golaýlaşýar.
Bu hyzmatdaşlygyň çäginde oňa janköýer bilen duşuşyklarda awtograf goýmazlyk teklip edilýär. Maksat — onuň golunyň az mukdarda bolup, kolleksiýaçylar üçin has gymmatly bolmagyny üpjün etmek. Geljekde Ýamalyň awtografyny diňe kompaniýanyň resmi sahypasy arkaly almak mümkin bolar.
Şeýle hem «Barselona» bilen resmi çärelerde berilýän awtograflaryň sanyny azaldamak boýunça gepleşikleriň alnyp barylýandygy aýdylýar.
18 ýaşly Ýamal häzirki möwsümde «Barselona» üçin bäş duşuşyk geçirdi we iki gezek tapawutlandy. Sentýabr aýynda bolsa, France Football we UEFA tarapyndan geçirilýän ýaşlaryň arasynda «Altyn top» baýragynyň ses berlişiginde ikinji orny eýeledi.
Şeýle hem okanyň


Lionel Messi sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragyna mynasyp boldy
24 Okt. 10:17«Altyn top» baýragynyň sekiz gezek eýesi, meşhur argentinaly futbolçy Lionel Messi dünýä sportuny ösdürmäge goşan göz-görtele goşandy üçin Ispaniýanyň halkara derejesindäki abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragy bilen sylaglandy. Baýragy gowşurmak dabarasy Ispaniýanyň Owýedo şäherindäki taryhy «Kampoamor» teatrynda uly danyşyklylyk bilen geçirildi. Bu barada sylaglaýjy gaznanyň resmi internet saýtynda habar berilýär.
Asturiýa şa gyzynyň halkara baýragy 1980-nji ýyldan bäri dünýä boýunça dürli ugurlarda, şol sanda sportda uly üstünlik gazanan görnükli şahsyýetlere gowşurylyp gelinýär. Sport kategoriýasy boýunça bu derejeli baýraga ozal meşhur tennisçi Serena Wilýams, ispan futbolçylary Iker Kasilýas we Hawi, şeýle hem Braziliýanyň hem-da Ispaniýanyň milli ýygyndylary mynasyp bolupdylar.
Häzirki wagtda 39 ýaşly Messi Amerikan Ligasynda (MLS) «Inter Maýami» klubynyň düzüminde çykyş edýär. Öz oýunçylyk karýerasynda «Barselona» we «Pari Sen-Žermen» ýaly öňdebaryjy klublarda oýnan Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany 2022-nji ýylda Dünýä çempiony boldy ham-da karýerasynda jemi 48 sany resmi kubok we kubok titullaryny utup, futbol taryhynda iň köp titully oýunçy hökmünde öz adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy.
Şeýle hem okanyň