Oýun sanawy


Türkmen talyplary Abu-Dabide tejribeli okuw maksatnamasyna gatnaşýarlar
11 Dek. 08:27BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Abu-Dabiniň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynda türkmen talyplary üçin ýörite okuw maksatnamasy guralandygyny ilçihana habar berýär.
Maksatnamanyň dowamynda BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hameli akademiýada okuw alýan türkmen talyplary bilen duşuşyp, olaryň tejribe geçişiniň ýagdaýy bilen gyzyklanyp gördü.
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleriniň gatnaşýan bäş günlük okuw maksatnamasy sapaklary we tanyşdyryş gezelençlerini öz içine alýar. Talyplar sapaklaryň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň syýasy, ykdysady, medeni hem-de jemgyýetçilik ugurlaryndaky ösüşleri barada giňişleýin düşünje aldylar.
2022-nji ýylyň noýabrynda Halkara gatnaşyklary instituty bilen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýanyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň esasynda iki okuw merkeziniň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň