Oýun sanawy

Türkmenistanda Awtomobil ýollary ministrligi döredildi

14 Few. 07:01

Çeşme

13-nji fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýol gurluşygy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça möhüm çözgüt kabul edildi.

Gol çekilen resminama laýyklykda, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işi bes edilip, onuň binýadynda Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi döredildi. Täze ministrlik ýatyrylan agentligiň hukuk oruntutary hökmünde kesgitlenildi.

Şeýle hem täze döredilen ministrlige Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi we Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde bir aý möhletde degişli Düzgünnamanyň taslamasyny, merkezi edarasynyň gurluşyny, işgär sanyny, ýolbaşçylaryň aýlyk zähmet haklaryny hem-de kanunçylyga girizilmeli üýtgetmeleri taýýarlap, Ministrler Kabinetine hödürlemek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministri wezipesine Hangeldi Şirdogdyýewiç Kerimow bellenildi.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.