Oýun sanawy

Pekinde türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygy täze basgançaga göterildi

11 Mart. 05:49

Çeşme

9-njy martda Pekin şäherinde Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi. Iki ýurduň medeniýet ministrleriniň orunbasarlarynyň ýolbaşçylygyndaky duşuşykda «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasyny Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň esasy ugurlary bilim, arheologiýa, syýahatçylyk we ýokary tehnologiýalar boldy. Taraplar «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini tassykladylar. Duşuşygyň ahyrynda gol çekilen Teswirnama ylym we medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklary hukuk taýdan has-da berkitdi. Bu diplomatik ädim iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we özara düşünişmegiň täze itergisidir.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.