Oýun sanawy


Döwlet sapary bilen Özbegistanda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Daşkentdäki «Ýangi Özbegistan» seýilgähine baryp, Özbegistanyň Garaşsyzlyk Ýadygärligine gül çemenini goýdy. Bu barada «Neýtral Türkmenistran» gazetinde habar berildi.
«Ýangi Özbegistan» seýilgähiniň meýdany 100 gektardan hem ýokary bolup, ýurduň iň iri medeni dynç alyş zonalarynyň biridir. Bu seýilgäh 2021-nji ýylyň 31-nji awgustynda — Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanyp — dabaraly ýagdaýda açyldy.
Mundan ozal mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti 16-njy noýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň VII maslahat duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistana geldi. Saparyň çäklerinde ýokary derejedäki gepleşikler hem-de täze türkmen-özbek serhet söwda merkeziniň açylyş dabarasy meýilleşdirilýär.
Söwda-zolak taslamasy Özbegistanyň Horezm welaýatyndaky «Şawat» hem-de Türkmenistanyň Daşoguz welaýatyndaky «Daşoguz» geçelgelerinde döredilýär. Gurluşyk işleri 2022-nji ýylyň oktýabrynda başlanyp, bu ýerde söwda pawilýonlaryny, ammarlary we konteýner çäreleri üçin meýdançalary gurmak göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem okanyň