Oýun sanawy

Türkmenistanly okuwçylar ÝUNESKO-nyň sebitleýin bäsleşiginde ýokary netije gazandylar

25 Dek. 08:17

Çeşme

Türkmenistanly mekdep okuwçylary ÝUNESKO-nyň «Deň mümkinçilikleriň sungaty: sport we emeli aň» atly sebitleýin döredijilik bäsleşiginde ýeňijileriň hataryna goşuldylar. Bu üstünlik Mary şäherindäki ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler ulgamyna degişli 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň okuwçylary Gözel Täçgulyýewa, Jennet Nurmuhammedowa we Arzuw Orazowa tarapyndan gazanyldy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlaryna niýetlenen bäsleşik ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki Sebit edarasy tarapyndan Gazagystanyň ÝUNESKO klublarynyň Milli federasiýasy, Beýik Britaniýanyň Astanadaky ilçihanasy we Gyrgyz Respublikasynyň ÝUNESKO klublarynyň Assosiasiýasy bilen bilelikde guraldy.

Döredijilik işleri «Zenanlar we emeli aň» hem-de «Sport ulgamynda zenanlar» atly iki ugur boýunça kabul edildi. Netijede Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan döwletlerinden 18 ýaşdan kiçi ýaş suratkeşleriň 25 sany iň gowy işi saýlanyp alyndy.

Türkmenistanyň wekillerini taýýarlamakda pedagogik goldaw beren mugallym Jeren Badyýewa okuwçylary taýýarlamaga goşan goşandy üçin ýörite şahadatnama bilen sylaglanyldy.

3–8-nji dekabr aralygynda Almaty şäherinde geçirilen jemleýji sergide bäsleşigiň saýlanan iň gowy eserleri bilen birlikde türkmenistanly okuwçylaryň işleri hem köpçülige hödürlendi. Ýeňijilere şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌