Oýun sanawy


Halkara nebit we gaz uniwersitetinde mekdep okuwçylarynyň olimpiadasy jemlendi
30 Aprel. 09:54Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11–12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen matematika, himiýa we informatika dersleri boýunça olimpiadalaryň jemleýji tapgyry dabaraly ýagdaýda tamamlandy. Bu bäsleşik zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga we olary geljekde nebitgaz pudagy üçin zerur bolan takyk ylymlara ugrukdyrmaga gönükdirildi.
Olimpiadanyň saýlama tapgyryna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden jemi 695 sany okuwçy gatnaşyp, öz bilimlerini senediler. Olaryň arasyndan iň ýokary netije görkezen 189 okuwçy final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şahsy bäsleşik görnüşinde geçen jemleýji tapgyrda okuwçylar çylşyrymly meseleleri çözmek we nazary bilimlerini iş ýüzünde ulanmak boýunça bäsleşdiler.
Eminler toparynyň gelen netijelerine görä, dersler boýunça iň ýokary ballary toplan okuwçylar ýeňiji diýlip yglan edildi. Olara uniwersitetiň rektorynyň adyndan degişli derejeli diplomlar we ýörite sowgatlar gowşuryldy. Aýratyn bellenilmeli zat, bäsleşikde tapawutlanan ýaşlara okuwy tamamlanlaryndan soňra, şu abraýly ýokary okuw mekdebinde bilimlerini dowam etdirmek barada geljegi uly bolan teklip girizildi.
Olimpiadanyň çäklerinde okuwçylar üçin uniwersitetiň durmuşy bilen tanyşdyryş gezelençleri hem guraldy. Myhmanlar uniwersitetiň häzirki zaman ylmy barlaghanalaryny, baý muzeý gymmatlyklaryny, sport desgalaryny we okuw binalaryny synladylar. Bu çäre ýaşlaryň geljekki hünär saýlawyna we ylma bolan höwesiniň artmagyna uly goşant goşdy.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
27 Okt. 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.