Oýun sanawy

Aşgabatda Halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady

29 Awgust. 05:28

Bu gün Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde halkara ähmiýetli «Bilim üçin Durnukly Ösüşiň Maksatlaryna ýetmekde emeli aňyň mümkinçilikleri» atly ylmy-amaly maslahat - öz işine başlady. Bu möhüm çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary instituty bilen bilelikde guralýar.

 

Maslahatyň maksady — emeli aňyň mümkinçilikleriniň milli we halkara derejede bilim ulgamyna ornaşdyrylmagyny ara alyp maslahatlaşmak, bu ugurdaky dünýä tejribesi bilen paýlaşmak hem-de täze çözgütleri öňe sürmekdir.

 

Maslahatyň işine gatnaşmak üçin Ýokary derejeli wekiller, şol sanda 

ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda Maglumat Tehnologiýalary boýunça institutynyň (UNESCO IITE) Direktory Tao Zhang, we başga-da halkara guramalaryň ýolbaşçylary, dünýäniň dürli ýurtlarynyň uniwersitetleriniň professorlary we bilim boýunça hünärmenleri ýygnandylar.

 

Bu halkara forum diňe bir ýurdumyzyň bilim ulgamynyň täze ugurlar bilen baýlaşmagyna däl, eýsem BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde emeli aňyň ähmiýetiniň giňden öwrenilmegine hem öz mynasyp goşandyny goşýar. 

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar

26 Okt. 08:09

Çeşme

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.

Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.

Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌