Oýun sanawy


Türkmenistan we Italiýa ylym-bilim hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarýarlar
28 Aprel. 09:57Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky ilçisi Toýly Kömekowyň Neapol şäherine amala aşyran iş sapary iki ýurduň arasyndaky akademiki gatnaşyklary berkidiji möhüm ädim boldy. Saparyň dowamynda dünýäniň iň gadymy bilim ojaklarynyň biri bolan Fridrih II adyndaky Neapol uniwersitetiniň rektory, professor Matteo Lorito bilen ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Taraplar häzirki zaman ylmynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça tejribe alyşmagyň täze görnüşlerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň esasy özeni türkmen ýokary okuw mekdepleri bilen Italiýanyň bu abraýly uniwersitetiniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmakdan ybarat boldy. Hususan-da, oba hojalygy, ekologiýa we durnukly ösüş ýaly strategik ugurlarda bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Şeýle hem taraplar hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, täze ylalaşyklaryň we özara düşünişmek baradaky ähtnamalaryň taslamalaryny taýýarlamak barada ylalaşdylar.
Sanlylaşdyrmak we häzirki zaman tehnologiýalary pudagyndaky hyzmatdaşlyk hem saparyň möhüm bölegini düzdi. Ilçi Toýly Kömekow uniwersitetiň ýanyndaky meşhur «Apple Developer Academy» merkeziniň ýolbaşçysy doktor Jorjo Wentre bilen duşuşyp, türkmen ýaşlarynyň programmalaşdyrmak we IT-tehnologiýalar ulgamynda halkara tejribesini ösdürmek barada pikir alyşdy. Bu merkezde hünärmenleri taýýarlamagyň innowasion usullarynyň öwrenilmegi Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetine goşant goşjak ýokary hünärli kadrlaryň kemala gelmegine ýardam eder.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar anyk amaly ädimleri ätmäge taýýardyklaryny bildirdiler. Ýakyn geljekde iki ýurduň ylmy we bilim jemgyýetçiliginiň wekilleriniň, şol sanda professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň özara saparlaryny guramak meýilleşdirilýär. Bu başlangyçlar Türkmenistanyň bilim ulgamyny halkara ülňülere laýyklykda kämilleşdirmek we dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.