Oýun sanawy

Türkmenistanda Bilim güni hem-de täze okuw ýyly dabaraly bellendi

02 Sen. 09:51

Çeşme

1-nji sentýabrda Türkmenistanda däp bolşy ýaly Bilim we talyp ýaşlar güni giňden bellendi we täze okuw ýyly başlandy. Ýurduň ähli mekdeplerinde ilkinji jaň kakylyp, dabaralar Garaşsyzlyk binasyna we Arkadag şäherindäki hem-de Yzgant obasyndaky Berdimuhammet Annaýewiň ýadygärliklerine gül goýmak bilen başlandy.

Orta we ýokary okuw mekdeplerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýaşlara bilimde we ylmy işde üstünlik arzuw eden Gutlag haty okaldy.

Täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy Bütindünýä Parahatçylyk we Ynam ýylyna hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

Baýramçylyk mynasybetli Aşgabatda we Lebap welaýatynda 2800 orunlyk 4 sany täze mekdep hem-de 1120 orunlyk 4 sany çagalar bagy açyldy. Şol gün, däp boýunça, ilkinji synp okuwçylaryna “Bilimli” kompýuterleri gowşuryldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi

Bugün 08:31

Çeşme

Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.

Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.

Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌