Oýun sanawy

Türkmenistanda talyp ýigitleriň arasynda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

05 Maý. 05:31

Çeşme

Paýtagtymyzyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň final tapgyry boldy. Beýik Ýeňşiň şöhratly baýramyna bagyşlanan bu çäre ýurdumyzyň Bilim ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guraldy. Bäsleşigiň maksady ýaş nesliň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmakdan we olary watançylyk ruhunda terbiýelemekden ybarat boldy.

Dabaranyň dowamynda gatnaşyjylar üç sany esasy şert boýunça özara bäsleşdiler. Birinji tapgyrda talyplar saýlap alan hünärleriniň ähmiýetini aýdym-sazly çykyşlaryň we wideoşekilleriň üsti bilen görkezdiler. Ikinji şertde bolsa türkmen ýigitlerine mahsus bolan mertlik, edermenlik we halallyk ýaly asylly sypatlar çeper okaýyşlar hem-de sahna görnüşleri arkaly wasp edildi. Şeýle hem ýigitler milli degişmeler we şorta sözler arkaly özleriniň wäşilik ukyplaryny hem-de sahna medeniýetini nümayiş etdirdiler.

Eminler toparynyň gelen netijesine görä, bäsleşigiň iň ýokary baýragyna — baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Muhammetmyrat Atamyradow mynasyp boldy. Birinji orny bolsa Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekili Akmuhammet Açylow eýeledi. Mundan başga-da, ýurduň dürli ýokary okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlary ikinji we üçünji orunlar, şeýle hem birnäçe höweslendiriji ugurlar boýunça sylaglandylar.

Ýeňijilere we baýrakly orunlary eýelän talyplara guraýjylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu döredijilik bäsleşigi talyp ýaşlaryň diňe bir okuwda däl, eýsem sungatda we jemgyýetçilik durmuşynda hem işjeňdigini ýene-de bir gezek subut etdi. Sylaglanan talyp ýigitleriň hatarynda iňlis dili, ykdysadyýet, energetika we atçylyk ýaly dürli ugurlarda bilim alýan hünärmenler bar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌