Oýun sanawy


«OguzRobot» topary Günorta Koreýadaky halkara robot bäsleşigine gatnaşar
05 Okt. 08:25Türkmenistanly mekdep okuwçylaryndan düzülen «OguzRobot» topary 7–10-njy oktýabrda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçiriljek «FIRST Global Challenge 2026» atly halkara robot tehnologiýalary bäsleşigine gatnaşar. Dünýäniň 190-dan gowrak döwletinden ýaşlary tüpläp, «Robotlaryň Olimpiadasy» diýlip hem atlandyrylýan bu ýaryşda Türkmenistana Aşgabat şäherindäki 97-nji orta mekdebiň zehinli okuwçylary wekilçilik eder. Toparyň agzalary «Ýaş inžener 2026» bäsleşiginde tapawutlanyp, aprel aýyndan bäri «Kämil bilim» okuw merkeziniň «Erjeller» kompýuter bölüminde ýörite taýýarlyk geçdiler.
Bu ýylky bäsleşigiň mowzugy «Igniting Innovation» diýlip atlandyrylyp, ol tebigy ýangynlaryň öňüni almak we ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek boýunça innowasion çözgütlere bagyşlanýar. Ýatladyp geçsek, geçen ýyl Panamada geçirilen unikal ýaryşda türkmen mekdep okuwçylary «Skill Challenge» ugrundan birinji orna mynasyp bolupdylar.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.