Oýun sanawy

Ýurdumyzyň orta bilim ojaklarynda okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan dabaralara taýýarlyk görülýär

16 Maý. 03:25

Çeşme

Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde milli bilim ulgamy we medeni-köpçülikleýin çäreler boýunça birnäçe anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hasabata laýyklykda, Türkmenistanyň ähli sebitlerindäki orta mekdeplerde ýylyň resmi şygary astynda guraljak «Soňky jaň» dabaralaryny guramaçylykly amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Bu çäre ýurdumyzda ýaş nesli terbiýelemek syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde kesgitlenildi.

Milli ykdysady we durmuş maksatnamalarynyň çäklerinde okuwda aýratyn tapawutlanan göreldeli uçurymlara hem-de köp ýyllaryň dowamynda zähmet çeken ussat bilim işgärlerine döwlet derejesinde aýratyn hormat goýlar. Olara ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurylar. Mundan başga-da, dabaralaryň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konsert maksatnamalary taýýarlanylar.

Baýramçylyk gününiň dowamynda ýaşlaryň dünýägaraşyny giňeltmek we taryhy ýerleri tanyşdyrmak maksady bilen ýörite gezelençler guralar. Uçurymlar Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň döwrebap künjeklerine, sebitlerdäki gözel ýerlere we medeni-dynç alyş merkezlerine baryp görerler. Şeýle çäreler ýaşlaryň taryhy-medeni mirasymyza bolan söýgüsini has-da berkitmäge ýardam eder.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, degişli ýolbaşçylara dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi berk tabşyrdy. Bellenilişi ýaly, bu çäre paýtagtymyzyň bellenilýän şäher güni bilen utgaşyp, mekdep durmuşyny tamamlaýan ýaşlar üçin taryhy we unudylmaz waka öwrülmelidir. Şonuň bilen baglylykda, ähli guramaçylyk we wezipe meseleleri aýratyn gözegçilige alyndy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌