Oýun sanawy

Türkmen talyplary oktýabr aýynda geçiriljek üç sany internet-olimpiadasyna çagyrylýar

16 Sen. 13:22

Çeşme

Türkmen döwlet oba hojalyk instituty Bilim ministrliginiň goldamagynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda birnäçe internet ders bäsleşiklerini geçirmäge taýýarlanýar. Bu çäreler ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, olaryň döredijilikli hem-de amaly pikirlenmesini ösdürmäge we geljekki halkara ýaryşlary üçin zehinli talyplary ýüze çykarmaga gönükdirilendir.

Oktýabr aýynda talyplar üç ugur boýunça bäsleşip bilerler:

1. Topragy öwreniş boýunça III bäsleşik (26-njy oktýabr, sagat 15:00-da) — 3-5-nji ýyl talyplary üçin 50 test soragy.

2. Meteorologiýa we klimatologiýa boýunça I bäsleşik (28-nji oktýabr, sagat 15:00-da) — 2-4-nji ýyl talyplary üçin testler hem-de amaly meseleler.

3. Nazary mehanika boýunça VI bäsleşik (30-njy oktýabr, sagat 14:00-da) — 1-3-nji ýyl talyplary üçin 120 minudyň içerinde çözülmeli çylşyrymly ýumuşlar.

Ähli bäsleşikler Zoom platformasy arkaly göni gözegçilikde geçiriler. Ýokary okuw mekdepleri 5 talypdan ybarat toparlarynyň arzaly maglumatlaryny 2026-njy ýylyň 22-nji oktýabryna çenli ⁠tohi_tm@sanly.tm⁠ elektron poçtasyna ibermelidir. Bäsleşigiň ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar. Giňişleýin maglumatlary institutyň https://tohi.edu.tm/comp2627.php resmi saýtyndan tapyp bilersiňiz.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌