Oýun sanawy


ABŞ-nyň bilim maksatnamalarynda türkmenistanlylar üçin berilýän orunlary köpeltmek meýilleşdirilýär
09 Iýun. 04:408-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojersiň ýolbaşçylygyndaky amerikan wekiliýetiniň arasynda resmi iş duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar bilim ulgamyndaky türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky göni gatnaşyklary giňeltmäge, akademiki hereketliligi ösdürmäge, daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmäge, şeýle hem ykdysadyýetiň häzirki zaman pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlamakda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berildi.
Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikdäki magistratura maksatnamalaryny, şol sanda MBA (Işewürlik dolandyrylyşynyň magistri) maksatnamasyny durmuşa geçirmek, iki diplomly bilim maksatnamalaryny ösdürmek, okuw meýilnamalaryny utgaşdyrmak we professor-mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly meselelere seredildi. Taraplar şeýle taslamalaryň iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky göni gatnaşyklary pugtalandyrmaga amaly taýdan ýardam etjekdigini bellediler.
Şeýle hem ýaşlaryň liderlik ukyplaryny ösdürmegiň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi berkitmegiň netijeli guraly hökmünde hereket edýän alyş-çalyş maksatnamalaryna aýratyn üns berildi. Amerikan tarapy türkmenistanly gatnaşyjylar üçin kwota orunlarynyň sanyny artdyrmagyň mümkinçiliklerine garamagy hem-de ABŞ-nyň bilim we alyş-çalyş maksatnamalarynyň uçurymlary bilen alnyp barylýan işleri has-da işjeňleşdirmegi resmi taýdan teklip etdi.
Bilimleri halkara derejede bahalandyrmak we maglumat tehnologiýalary babatda öňdebaryjy synag hem-de sertifikatlaşdyryş ölçeglerini ornaşdyrmak, şeýle hem ABŞ-nyň öňdebaryjy sanly bilim platformalaryna elýeterliligi giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy onlaýn bilim serişdelerini milli bilim ulgamyna üstünlikli ornaşdyrmak boýunça alyp barýan döwlet işleriniň üstüni ýetirer.
Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň 2023-nji ýylda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň we bilelikdäki «Ýol kartasynyň» çäklerinde ulgamlaýyn esasda ösdürilýändigi bellenildi. Bu mehanizmler aýry-aýry taslamalary bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we ýaşlar üçin mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdirilen yzygiderli hem-de uzak möhletleýin strategiýa öwürmäge şert döredýär.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň bilelikdäki «Ýol kartasyny» döwrebaplaşdyrmagyň maksadalaýykdygy barada pikir alyşdylar. Täzelenjek strategik resminamada sanly bilim ekoulgamlary, emeli aň tehnologiýalary, ýokary okuw mekdepleriniň halkara akkreditasiýasy we täze bilelikdäki uniwersitet taslamalary ýaly ileri tutulýan ugurlaryň öz beýanyny tapmagyna garaşylýar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar
26 Okt. 08:09Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.
Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.
Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.