Oýun sanawy


Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda «Ýylyň talyby» döwlet bilim bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna deslapky tapgyrlarda öňe saýlanyp, özleriniň zehini we ukyby bilen tapawutlanan talyplaryň 27-si gatnaşdy.
Iki günläp dowam eden çäräniň barşynda eminler bäsleşige gatnaşyjylaryň okan döwründe alan ortaça bahalaryny, dürli derejelerdäki bäsleşiklere gatnaşyklaryny, ýerine ýetirýän ylmy-barlag işleriniň hilini, şeýle hem intellektual eýeçilik boýunça alan awtorlyk şahadatnamalaryny we wagyz-nesihat işlerine işjeň gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn bahalandyrdylar. Gyzgalaňly geçen çäräniň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylaryň häzirki zaman türkmen jemgyýeti we kompýuter tehnologiýalary dersleri boýunça tabşyran test barlaglarynyň netijeleri yglan edildi. Synaglaryň iň soňky tapgyrynda alnan bu täze ballar talyplaryň öňki günlerde gazanan görkezijileriniň üstüne goşulyp, bäsleşigiň gutarnykly ýeňijileri mälim edildi.
Netijede, bäsleşigiň ähli şertlerini berjaý edip, iň ýokary görkezijini gazanmagy başaran Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew öz bäsdeşlerinden saýlanyp, 67,55 bal bilen «Ýylyň talyby» diýen abraýly adyň eýesi boldy. Bäsleşikde birinji orny Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 4-nji ýyl talyby Baýnazar Muhammedow eýeledi.
Ikinji orna Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Gurtgeldi Hanow bilen Türkmenistanyň Serhet institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Gündogdy Aýmämmedow mynasyp boldular. Üçünji orny bolsa Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Rahat Ataýew, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 6-njy ýyl talyby Muhammedaly Atabaýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Batyr Öwezmyradow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Hajymyrat Ilimow hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 3-nji ýyl talyby Guwanç Ýoldaşow dagy paýlaşdylar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistandaly mekdep okuwçylary mental arifmetika boýunça dünýä çempionatynda uly üstünlik gazandylar
10 Sen. 11:395-7-nji sentýabr aralygynda Germaniýanyň Bilefeld şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionaty (Junior Mental Calculation World Championship 2026) geçirildi. Bu abraýly halkara bäsleşige Hytaý, Ýaponiýa, Germaniýa we Fransiýa ýaly dünýäniň 14 döwletinden 100-den gowrak iň zehinli okuwçylar gatnaşyp, iki sagadyň dowamynda çylşyrymly matematiki amallary diňe ýatdan çözmek boýunça bäsleşdiler.
Ýurt boýunça geçirilen saýlama tapgyrdan üstünlikli geçip, bäsleşige kabul edilen 12 sany türkmen okuwçysy halkara synagda ýokary netijeleri görkezdiler. Bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy hamana «Kämil Bilim» okuw merkeziniň uçurymy Mekan Nurgeldiýew Junior-1 kategoriýasynda 2477 bal toplap, dünýä boýunça 3-nji orny eýeledi. Şeýle hem ýurdumyzyň mental arifmetika boýunça milli rekordçysy Liwanur Berdiýewa Senior kategoriýasynda iň gowy 8 gatnaşyjynyň hataryna girdi.
Türkmenistanyň ýygyndy toparyna «Kämil bilim» merkeziniň mugallymlary Jahan Durdymämmedowa we Halym Annagurbanow ýolbaşçylyk etdiler. Türkmen okuwçylarynyň bu halkara ýaryşda eýeleýän ýokary orunlary eýýäm däp öwrülip, olar geçen ýyl hem iň gowy onlugyň hataryna girmegi başarypdyrlar.