Oýun sanawy

Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen dili öwredilip başlanmagy mümkin

22 Mart. 11:16

Çeşme

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow CGTN telekanalyna beren interwýusynda Hytaý Halk Respublikasynyň bilim edaralarynda türkmen dilini öwretmek boýunça hyzmatdaşlyga taýýarlygyny mälim etdi. Milli Liderimiz bu asylly işi amala aşyrmak üçin türkmen hünärmenlerini we mugallymlaryny Hytaýa ibermäge ýurdumyzyň taýýardygyny aýratyn nygtady. Bu başlangyç iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmaga gönükdirilendir.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygy örän ýokary depginde ösdürilýär. Maglumatlara görä, 10 müňden gowrak türkmenistanly talyplar Hytaýyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Şol bir wagtda Türkmenistanyň özünde hem hytaý dilini öwrenmäge uly gyzyklanma bar: ýurdumyzyň 9 sany ýokary okuw mekdebinde we 10 sany orta mekdebinde hytaý dili ýöriteleşdirilen tertipde okadylýar.

Gahryman Arkadagymyz bu ugurdaky özara hyzmatdaşlygyň iki döwlet üçin hem "geljege goýulýan maýa goýumy" bolup durýandygyny belledi. Hytaýyň okuw mekdeplerinde türkmen diliniň öwredilmegi hytaý ýaşlaryna türkmen medeniýetini we taryhyny has ýakyndan tanamaga, netijede bolsa iki halkyň arasyndaky dostluk köprülerini has-da berkitmäge ýardam eder. Bu ädim Türkmenistanyň halkara bilim giňişligine integrasiýasyny hem güýçlendirer.

Şeýle-de, iki ýurduň arasynda medeniýet merkezlerini açmak boýunça hem işjeň gepleşikler alýp barylýar. Meýilnama laýyklykda, Hytaýda Türkmenistanyň medeniýet merkezini, Türkmenistanda bolsa Hytaýyň medeniýet merkezini açmak göz öňünde tutulýar. Bu merkezler ylym, bilim we sungat ulgamlarynda tejribe alyşmak üçin esasy binýat bolup hyzmat eder we halklarymyzyň ruhy ýakynlygyny has-da dabaralandyrar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌