Oýun sanawy


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara gatnaşyklar: parahatçylykly dialogyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşiginiň dabaraly açylyşy boldy. Bu abraýly çäre dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän ýaş hünärmenleri we geljekki diplomatlary bir ýere jemledi. Bäsleşik häzirki zaman dünýä syýasatynda parahatçylykly gepleşikleriň ähmiýetini öňe sürmekde möhüm meýdança öwrüldi.
Akyl oýunlaryna dünýäniň 9 döwletinden, şol sanda Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan we Eýrandan wekiller gatnaşýarlar. Bäsleşige daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinden 40-dan gowrak wekil, şeýle hem Türkmenistanyň özünden 117 sany talyp gatnaşyp, özara tejribe alyşýarlar. Gatnaşyjylaryň geografiýasynyň giňligi bu çäräniň halkara ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigini görkezýär.
Bäsleşigiň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň özeni durnukly ösüşi we parahatçylygy üpjün etmekde halkara guramalarynyň, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny berkitmek meselesine bagyşlandy. Ýaş diplomatlar ählumumy meseleleri çözmekde diplomatik mehanizmleriň mümkinçiliklerini seljerdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň energetika we azyk howpsuzlygy, ekologiýa ýaly möhüm ugurlardaky başlangyçlary gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy.
Forumyň medeni maksatnamasy hem örän baý boldy. Myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet muzeýine baryp, türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy we medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşdylar. Şeýle çäreler diňe bir ylmy bäsleşik bolman, eýsem dürli halklaryň medeniýetleriniň ýakynlaşmagyna we ýaşlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň berkemegine ýardam edýär.
Kemal WELMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.