Oýun sanawy


«Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly halkara ylmy taslama bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
08 Iýun. 05:03S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli guralan «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly halkara ylmy taslama bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Bilim, Oba hojalyk hem-de Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň bilelikde guramagynda geçirilen bu abraýly çäre eýýäm dördünji gezek üstünlikli guraldy.
Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan bäsleşigiň I tapgyryna dünýäniň 13 döwletinden, ýagny Türkmenistandan, Hytaýdan, Russiýadan, Belarusdan, Eýrandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Pakistandan, Azerbaýjandan, Rumyniýadan, Türkiýeden, Malaýziýadan we Bangladeşden bolan talyplar tarapyndan 150-ä golaý ylmy iş hödürlendi. Eminler toparynyň geçiren düýpli seljermelerinden soňra, olaryň arasyndan iň çylşyrymly we ähmiýetli hasaplanýan 45 sany ylmy taslama bäsleşigiň II tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Jemleýji tapgyryň netijelerine görä, jemi 28 sany ylmy taslama ýeňiji diýlip yglan edildi. Olaryň 20-si Türkmenistanyň, 8-si bolsa daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna degişlidir. Eminleriň karary bilen 5 sany taslama birinji orna, 9 taslama ikinji orna we 14 taslama üçünji orna mynasyp boldy. Şeýle-de, ýokary ukyp görkezen 14 talyba höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.
Birinji orny eýelemegi başaran taslamalar häzirki zamanyň möhüm innowasion ugurlaryny öz içine alýar:
Balary maşgalalarynyň biologik işjeňligi esasynda energoüpjünçilik ulgamyny taslamalaşdyrmak;
Alyç we ýandak ösümliklerini peýdalanyp, ýürek-damar kesellerini bejermegiň täze tehnologiýasy;
Suw geçiriji akabalarda suw syzylmalaryna garşy ýerli gurluşyk materiallaryny ulanmak;
Beýi ýapragynyň hem-de onuň demlemesiniň dermanlyk we melhemlik häsiýetleri;
Garagum derýasynyň we şor suw akabalarynyň ugry boýunça innowasion tehnologiýaly gök önümçilik zolagyny döretmek.
Ýeňijileriň we baýrakly orunlary eýelänleriň hatarynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Ýokary lukmançylyk mekdebiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Belarus Döwlet oba hojalyk akademiýasynyň, W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň we Gürgen oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň (Eýran) wekilleri bar.
Şeýle hem okanyň


Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi
Bugün 08:31Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.
Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.
Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.