Oýun sanawy


Türkmenistanyň wekili Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy derejesindäki talyplar bäsleşiginde ýeňiji boldy
30 Maý. 12:54Ýurdumyzyň zehinli ýaşlary halkara giňişliginde geçirilýän abraýly ylym, bilim we döredijilik bäsleşiklerinde yzygiderli ýokary netijeleri gazanýarlar. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary diňe bir okuwda däl, eýsem jemgyýetçilik we medeni çärelerde hem özleriniň işjeňligi bilen saýlanýarlar. Şeýle üstünlikler ýurtda ýaş nesliň kämil bilim almagyna, ylmy-döredijilik başarnyklaryny ösdürmegine döwlet derejesinde berilýän uly ünsüň aýdyň miwesidir.
Sebit derejesinde guralan iri ýaşlar bäsleşiginiň netijeleri boýunça asly Türkmenistandan bolan zehinli talyp iň ýokary baýraga mynasyp boldy. Gazagystanyň paýtagtyndaky meşhur milli uniwersitetiň soňky ýyl talyby bolan watandaşymyz Arkalaşygyň iň gowy talyby diýen ada eýe bolup, ýörite ýadygärlik medallary, kubok we halkara diplomlar bilen sylaglandy. Bu halkara taslama okuwda, ylymda, sportda hem-de jemgyýetçilik başlangyçlarynda aýratyn tapawutlanan iň işjeň ýaşlary ýüze çykarmaga gönükdirilendir.
Ýeňiji bolan talyp özi baradaky maglumatlary we halkara gatnaşyklary ösdürmekdäki işjeňligini okaýan ýokary okuw mekdebinde hem birnäçe gezek subut etmegi başardy. Ol uniwersitet derejesinde guralan ýaşlar festiwallarynyň çäklerinde hem iň gowy daşary ýurtly talyp hökmünde ykrar edilip, ýörite diplomlara mynasyp bolupdy. Şeýle hem, ol birnäçe ýylyň dowamynda şol sebitde bilim alýan türkmen talyplarynyň jemgyýetçilik birleşigine ýolbaşçylyk edip, medeni çäreleri guramakda uly tejribe toplady.
Zehinli talybyň gazanan bu ýokary sepgitleri we halkara derejedäki üstünlikleri Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan hem aýratyn bellenildi we ýörite minnetdarlyk haty bilen sylaglandy. Şeýle guwandyryjy habarlar halkara bilim meýdançalarynda ýurdumyzyň abraýynyň belentdigini görkezýär. Medeniýet we bilim hünärmenleriniň bellemegine görä, ýaşlaryň bu hili işjeňligi halklaryň arasyndaky dostlukly we diplomatik gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edýär.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.