Oýun sanawy

Türkmenistanyň mugallymlary Hindistanda hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşýarlar

07 Aprel. 04:47

Çeşme

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetiniň wekilleri Nýu-Deli şäherinde Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk (ITEC) maksatnamasynyň çäginde tejribe alyşýarlar. Bu sapar bilim ulgamynda halkara gatnaşyklary berkitmek we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn hem-de usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen amala aşyryldy. Okuwlar dünýä derejesindäki hünärmenleriň gatnaşmagynda ýokary derejede guraldy.

30-njy martda başlanan bu maksatnama 10-njy aprele çenli dowam edip, ol esasan strategik meýilleşdiriş we dolandyryşyň innowasion usullaryny öz içine alýar. Gatnaşyjylar bilimiň hilini halkara standartlara laýyk getirmek, maliýe meýilleşdirilişi we sanly ulgamy okuw amalyýetine ornaşdyrmak ýaly ugurlar boýunça bilimlerini artdyrýarlar. Interaktiw seminarlar we toparlaýyn işler arkaly bilim dolandyryşynyň häzirki zaman talaplary jikme-jik öwrenilýär.

Tejribelik saparynyň çäginde Türkmenistanyň wekilleri Hindistanyň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezlerine we Bilim tehnologiýalarynyň merkezi institutyna baryp gördüler. Bu ýerde olar Hindistanyň bilim strategiýasynyň aýratynlyklary we tehnologik mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Şeýle hem Milli bilim gözlegleri we okuw geňeşinde guralan duşuşyklar gatnaşyjylara täzeçil okadyş usullaryny özleşdirmäge giň mümkinçilik döretdi.

Mugallymlar okuwyň dowamynda Türkmenistanyň bilim ulgamynda gazanan üstünlikleri barada hem giňişleýin maglumat berdiler. Halkara tejribesiniň öwrenilmegi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we sanly bilimi ösdürmäge ýardam eder. Şeýle ylmy-amaly saparlar mugallymlaryň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy babatda döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreleriň möhüm bölegidir.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi

Bugün 08:31

Çeşme

Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.

Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.

Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌