Oýun sanawy


ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasynda ekologiýa žurnalistikasy boýunça amaly okuw geçirildi
17 Sen. 18:09ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ekologiýa temalaryny beýan etmek boýunça iki günlük okuw çäresi gurnaldy. Bu çärä tmcars news-yň habarçysy bilen bir hatarda ýurdumyzyň metbugat neşirleriniň, habar saýtlarynyň, milli telewideniýäniň, «Turkmen Expo» kompaniýasynyň metbugat gullugynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Okuwyň dowamynda halkara hünärmen Angelina Dawydowa (Russiýa, Germaniýa) häzirki zaman ekologik gün tertibi we maglumat çeşmelerini barlamagyň usullary barada giňişleýin maglumat berdi.
Treningde emeli aň gurallaryny žurnalistikada peýdalanmaga we media sowatlylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi. Programmaçy Batyr Rejepow (Türkmenistan) neýroulgamlar bilen işlemegiň amaly tejribesini paýlaşdy, Gazagystandan onlaýn gatnaşan hünärmen Marat Sadykow bolsa internet serişdelerinden peýdalanmagyň netijeli usullaryny görkezdi. Gatnaşyjylar toparlara bölünip, Türkmenistan hem-de sebitleýin ekologiýa meseleleri boýunça täze taslamalaryň üstünde işlediler.
Söhbetdeşligiň çäklerinde daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi bilen bagly temalaryň durnukly ösüşde ykdysady we sosial ugurlar bilen bir hatarda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Wilýam Lif žurnalistleriň jemgyýete takyk we ygtybarly maglumatlary ýetirmekdäki jogapkärçiligini aýratyn nygtady.
Bu amaly okuw ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň sebitde howa başlangyçlaryny goldamaga we media pudagyny kämilleşdirmäge gönükdirilen ulgamlaýyn maksatnamasynyň bir bölegi boldy. Žurnalistleriň ekologik meseleleri beýan etmekdäki orny halkara resminamalarda hem öz beýanyny tapýar.
2026-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Halkara aragatnaşygy ösdürmek maksatnamasy we ÝHHG-niň Metbugat azatlygy boýunça wekiliniň edarasy bilelikde «Daşky gurşawy beýan etmek: žurnalistler üçin amaly gollanma» atly täze neşiri köpçülige hödürledi. Bu gollanma ekologiýa temalaryny çuňňur öwrenmek, faktlary barlamak we emeli aň gurallaryny peýdalanmak boýunça esasy maslahatlary öz içine alýar.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.