Oýun sanawy

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde baýramçylyk konserti guraldy

17 Iýun. 05:43

Çeşme

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda uly baýramçylyk konserti geçirildi. Okuw mekdebiniň medeniýet merkezinde guralan çärä professor-mugallymlar, talyp ýaşlar we dabaranyň myhmanlary gatnaşdylar.

Ýokary okuw mekdebiniň döredijilikli talyplary tarapyndan taýýarlanan «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly edebi-sazly kompozisiýa baýramçylyk agşamynyň açylyşyny has-da dabaralandyrdy. Bu sahna çykyşy özünde watançylyk goşgularyny, belent owazly aýdymlary hem-de milli tanslary jemläp, tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Dabaranyň dowamynda uniwersitetiň çeper höwesjeň döredijilik toparlary özleriniň aýdym-saz ukyplaryny görkezdiler. Ýaş aýdymçylaryň hem-de sazandalaryň ýerine ýetirmeginde türkmen milli nusgawy we döwrebap sazlaryň iň gowy nusgalary, taryhy halk dessanlaryndan parçalar ýandanyp, medeniýet we sungat baýramyna aýratyn goşant goşdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌