Oýun sanawy


Türkmenistanda materiallaryň garşylygy boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasy jemlendi
26 Mart. 09:16Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda materiallaryň garşylygy dersi boýunça nobatdaky halkara intellektual ýaryşyny gurady. Sanly ulgam arkaly geçirilen bu V Açyk olimpiada dünýäniň dürli künjeklerinden zehinli ýaşlary bir ýere jemläp, inženerçilik ylymlaryna bolan gyzyklanmanyň artýandygyny görkezdi. Çäräniň açylyş dabarasy institutyň baş binasynda dabaraly ýagdaýda geçirilip, oňa köp sanly myhmanlar gatnaşdy.
Halkara derejeli bu bäsleşige dünýäniň 15 döwletinden, şol sanda Germaniýadan, ABŞ-dan, Hytaýdan, Russiýadan we Türkiýeden jemi 63 sany ýokary okuw mekdebiniň wekilleri goşuldy. Umumy hasapda 877 talyp öz bilimlerini synap gördüler. Gatnaşyjylaryň geografiýasynyň giňligi — Awstraliýadan Ugandana çenli bolan aralygy öz içine almagy — bu olimpiadanyň halkara abraýynyň ýokarydygyndan habar berýär.
Olimpiadanyň şertlerine görä, talyplar şahsy bäsleşikde 120 minudyň dowamynda çylşyrymly alty sany mesele çözmeli boldular. Eminler topary talyplaryň meseleleri çözüş tizligine we takyklygyna görä ýeňijileri kesgitlediler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça türkmen talyplary ýokary taýýarlyk derejesini görkezip, jemi 106 sany baýrakly orna mynasyp boldular. Aýratyn-da, ýurdumyzyň binagärlik-gurluşyk, energetika we nebit-gaz ugurly institutlarynyň talyplary tapawutlandylar.
Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň arasynda Hytaý Halk Respublikasynyň talyplary iň uly netijeleri gazandylar. Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan 432 talybyň 101-si baýrakly orunlary eýelemegi başardy. Bu halkara çäre diňe bir bäsleşik bolman, eýsem dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylmy-bilim tejribesini alyşmak we dostlukly gatnaşyklary berkitmek üçin möhüm meýdança öwrüldi.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.