Oýun sanawy


2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Milli bilim instituty, ÝUNISEF-iň goldawy bilen, «Ýaşyl mekdep» atly bilelikdäki maksatnamany durmuşa geçirmäge başladylar. Bu başlangyjy amala aşyrmak üçin geçirilen seminarlaryň birinji tapgyry tamamlanandan soň, Aşgabatda işe giriziliş dabarasy geçirildi. Başlangyç tapgyrda ýurduň ähli künjeklerinden 20 sany synag mekdebi bu maksatnama gatnaşar. Taslamanyň esasy maksady — ekologiki bilimi we durnukly ösüş ýörelgelerini mekdep durmuşyna ornaşdyrmak hem-de okuwçylarda we mugallymlarda tebigata jogapkärçilikli we aýawly garaýyş medeniýetini kemala getirmek.
Maksatnamanyň çäginde mekdep müdirlikleri we mugallymlar mekdeplerde ekologiki hereket meýilnamalaryny taýýarlamak, ekologiki toparlary döretmek üçin amaly okuwlar geçirerler. Gatnaşyjylar şeýle hem ekologiki baha bermek, maglumat-düşündiriş maslahatlaryny gurmak we mekdeplerde hem-de ýerli jemgyýetde durnukly çemeleşmeleri öňe sürýän ekologiki kodeksleri işläp düzmek boýunça maslahatlar alarlar.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary (w.w.ý.ý.) Maaýke Biker belledi: «“Ýaşyl mekdep” maksatnamasy çagalaryň öz hereketleriniň dünýäni gowulandyryp biljekdigini düşünmegine kömek edýär. Mekdepleriň galyndylary azaltmak, energiýa tygşytlamak we daşky gurşawa üns bermek ýaly amaly ädimleri etmegine höweslendirmek arkaly biz durnukly ösüşi gymmat saýýan we geljek barada alada edýän nesli terbiýelýäris».
«Ýaşyl mekdep» maksatnamasy Türkmenistanyň howa we daşky gurşawy goramak meselelerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça tagallalarynyň bir bölegidir. Bu başlangyç milli howa üýtgemesi strategiýasyny, Milli Derejede Kesgitlenýän Goşantlary (NDKG) we Durnukly Ösüş Maksatlaryny (DÖM) ýerine ýetirmäge ýardam edýär hem-de çagalary arassa we durnukly geljek üçin bilelikdäki hereketlere ruhlandyrýar.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň