Oýun sanawy

500 ýyl soň Leonardo da Winçä degişli DNK nusgasy tapyldy: ylmy açyş dünýäde uly seslenme döretdi

12 Ýan. 13:23

Çeşme

Halkara ylmy toparyň geçiren täze barlagy sungat we genetika taryhynda özboluşly waka hökmünde baha berilýär. ABŞ, Awstriýa, Italiýa we Ispaniýa ýurtlaryndan alymlar Leonardo da Winçiniň kagyz ýüzünde ýerine ýetiren eskizleriniň birinden biologik DNK yzlaryny ýüze çykardylar. Bu barada halkara metbugatda, şol sanda Daily Mail neşirinde habar berilýär. Barlagyň netijeleri bioRxiv platformasynda çap edildi.

DNK nusgasy gyzyl hek bilen ýerine ýetirilen we «Keramatly çaga» atly çyzgydan alyndy. Bu barlag Leonardo da Winçi bilen baglanyşykly biologik maglumatlary anyklamak maksady bilen alnyp barylýan giň gerimli taslamanyň bir bölegi bolup durýar. Makalanyň awtorlarynyň arasynda Merilend uniwersitetiniň biology Norberto Gonsales-Huarbe hem bar.

Alymlar esasan erkek nesli arkaly geçýän Y-hromosomasynyň gurluşyny seljermäge üns berdiler. Alnan genetiki maglumatlar öň Leonardo da Winçiniň dogany tarapyndan ýazylan taryhy hatdan alnan DNK nusgasy bilen deňeşdirildi. Netijede, tapylan DNK-nyň şol bir genetiki toparyň wekiline degişlidigi we olaryň Italiýanyň Toskan sebitinde umumy ata-babalarynyň bolandygy anyklandy.

Ylmy makalada meşhur polotnolaryň, şol sanda köp gezek restawrasiýa edilen eserleriň, şeýle barlaglar üçin o diýen amatly däldigi bellenilýär. Şonuň üçin kagyz ýüzünde ýerine ýetirilen çyzgylar we eskizler DNK-nyň saklanyp galmagy taýdan has ygtybarly hasaplanýar. Alymlaryň bellemegine görä, kagyzyň öýjükli gurluşy deri bölejiklerini, mikroorganizmleri we genetiki maglumatlary uzak wagtlap özünde saklap bilýär.

Barlagyň häzirki tapgyrynda alymlar tapylan DNK-nyň hakykatdan-da Leonardo da Winçä degişlidigini doly subut etmegiň zerurdygyny nygtaýarlar. Eger bu tassyklansa, onuň dünýäni kabul ediş aýratynlyklary barada täze ylmy maglumatlar alynar. Belläp geçsek, Leonardo da Winçi adaty adam gözi bilen saýgaryp bolmaýan hereketleri hem anyk synlap, suratlandyryp bilendigi bilen tanalýar.

Bu açyş halkara ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi we şeýle barlaglaryň geljekde diňe Ýewropada däl, eýsem Türkmenistanda hem sungat we ylym babatda täze ugurlaryň açylmagyna itergi berip biljekdigi nygtalýar. Türkmenistan üçin hem ylmy mirasy öwrenmekde şeýle innowasion çemeleşmeler geljekde möhüm ähmiýete eýe bolup biler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌