Oýun sanawy


Türkmenistan: «Arkadag» bilen «Al-Nassr» duşuşygyna talyp meýletinçiler işjeň çekilýär
06 Few. 08:50Aşgabat şäherinde geçiriljek «Arkadag» futbol topary bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» klubynyň arasyndaky halkara duşuşyk Türkmenistan üçin uly sport wakasyna öwrülýär. AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyryna degişli bolan bu oýna Olimpiýa stadionynda ýokary derejede taýýarlyk alnyp barylýar.
Duşuşygyň guramaçylyk işlerine Türkmenistan boýunça 500-den gowrak talyp meýletinçi çekildi. Hususan-da, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan 89 mugallym hem-de 507 talyp bu sport çäreleriniň dürli ugurlarynda iş alyp barýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen maglumatlarda nygtalýar.
Institutyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň talyplary häzirki wagtda gyşky dynç alyş möwsüminde bolsalar-da, olaryň okuwdan dolanyp gelmegi bilen meýletinleriň taýýarlyk türgenleşikleri täzeden dowam etdiriler. Taýýarlyk işleri ýanwar aýyndan bäri alnyp barylýar, şol döwürde Olimpiýa stadionynda meýletinçileriň we jogapkär mugallymlaryň borçlary anyk kesgitlenildi.
Şeýle hem talyp meýletinçiler 5,5 müňden gowrak janköýeriň gatnaşmagynda stadionda dörediljek uly «ARKADAG» ýazgysynyň gurnalmagyna ýardam berýärler. Bu çäre Türkmenistanda sport ruhunyň we janköýerlik medeniýetiniň ýokary derejesini görkezýär.
Mundan başga-da, duşuşygyň giňden wagyz edilmegi üçin ýörite media topary döredildi. Bu toparyň düzümine Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinden 12 mugallym we 76 zehinli talyp girýär. Olar oýna taýýarlyk döwründe hem-de duşuşyk günlerinde reportažlary, surat we wideo materiallaryny taýýarlap, halkara giňişligine ýetirmegi maksat edinýärler. Bu ugurda olara onlaýn we amaly okuwlar hem geçirildi.
Şeýle hem okanyň


Lionel Messi sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragyna mynasyp boldy
24 Okt. 10:17«Altyn top» baýragynyň sekiz gezek eýesi, meşhur argentinaly futbolçy Lionel Messi dünýä sportuny ösdürmäge goşan göz-görtele goşandy üçin Ispaniýanyň halkara derejesindäki abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragy bilen sylaglandy. Baýragy gowşurmak dabarasy Ispaniýanyň Owýedo şäherindäki taryhy «Kampoamor» teatrynda uly danyşyklylyk bilen geçirildi. Bu barada sylaglaýjy gaznanyň resmi internet saýtynda habar berilýär.
Asturiýa şa gyzynyň halkara baýragy 1980-nji ýyldan bäri dünýä boýunça dürli ugurlarda, şol sanda sportda uly üstünlik gazanan görnükli şahsyýetlere gowşurylyp gelinýär. Sport kategoriýasy boýunça bu derejeli baýraga ozal meşhur tennisçi Serena Wilýams, ispan futbolçylary Iker Kasilýas we Hawi, şeýle hem Braziliýanyň hem-da Ispaniýanyň milli ýygyndylary mynasyp bolupdylar.
Häzirki wagtda 39 ýaşly Messi Amerikan Ligasynda (MLS) «Inter Maýami» klubynyň düzüminde çykyş edýär. Öz oýunçylyk karýerasynda «Barselona» we «Pari Sen-Žermen» ýaly öňdebaryjy klublarda oýnan Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany 2022-nji ýylda Dünýä çempiony boldy ham-da karýerasynda jemi 48 sany resmi kubok we kubok titullaryny utup, futbol taryhynda iň köp titully oýunçy hökmünde öz adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy.
Şeýle hem okanyň