Oýun sanawy

“EXPO 2025” Bütindünýä sergisi dabaraly ýagdaýda tamamlandy

14 Okt. 12:40

Çeşme

“EXPO 2025” Bütindünýä sergisi 2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde dabaraly ýagdaýda tamamlandy.

Bu giň möçberli sergide dünýäniň dürli künjeklerinden gelen millionlarça adam öz ýurdunyň iň gowy başlangyçlaryny, innowasiýalaryny we döredijiligini görkezdiler.

Şolaryň arasynda aýratyn tapawutlananlaryň biri — “Belli” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan Türkmenistanyň milli pawilýony boldy.

Bu pawilýon özboluşly bezegi, milli öwüşginleri we döwrebap çözgütleri bilen sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi.

Serginiň dowamynda 2 milliondan gowrak myhman Türkmenistanyň medeni mirasy, ylmy we tehnologiýa üstünlikleri bilen tanyşdy. Pawilýondaky ekspozisiýalar ýurdumyzyň taryhy köklerini häzirki döwür innowasiýalary bilen sazlaşykly utgaşdyryp görkezdi.

“Belli” H.J. tarapyndan ýokary hilli gurluşyk işleri bilen gurlan bu pawilýon diňe bir serginiň däl, eýsem, bütin “EXPO 2025”-niň ýüregine öwrüldi.

Ol myhmanlara ýurdumyzyň açyk keşbini, döredijilik kuwwatyny we ösüş ýolundaky üstünliklerini görkezdi.

Türkmenistanyň milli pawilýony — ýurdumyzy dünýä tanadan, “EXPO 2025”-niň hakykatdan-da beýik buýsanjy boldy!

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌