Oýun sanawy

Ahal welaýatynda gören we eşiden mümkinçiligi çäkli adamlar üçin «Sungat we şygryýet» festiwaly geçirildi

18 Sen. 06:17

2025-nji ýylyň 9-14-nji sentýabry aralygynda Ahal welaýatynyň häkimliginiň goldawynda Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýeti üçin däp bolan «Sungat we şygryýet» festiwaly geçirildi.
Bu medeni çärä Aşgabatdan we welaýatlardan gelen takmynan 110 adam gatnaşdy. Gözi we gulagy çäkli gatnaşyjylar alty günläp dürli konsert çykyşlaryny görkezdi.
Jemgyýet bu görnüşdäki döredijilik festiwallaryny 2000-nji ýyllardan bäri yzygiderli geçirýär. Onuň döredijilik toparlary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýär we uly hormata eýe. 2024-nji ýylda bolsa olar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda çykyş etdiler.
Festiwal gatnaşyjylara Watana, halkymyza we milli däp-dessurlarymyza bolan söýgüsini sungatyň we şygryýetiň üsti bilen beýan etmäge mümkinçilik berdi.
Çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi Ahal welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň hem-de dürli edaralaryň işgärleriniň goldawy bilen üpjün edildi.
Festiwalyň gatnaşyjylary çäräniň täsirli we ýatda galyjy bolandygyny aýdyp, minnetdarlyk bildirdiler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌