Oýun sanawy


«Iblis Prada geýýär» filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada «Variety» žurnaly ýazýar.
2006-njy ýylda ekranlara çykan asyl film 326,5 million dollar girdeji gazanypdy. 2026-njy ýylyň maý aýynda tomaşaçylara gowşan dowamy (sikweli) bolsa 676 million dollar gazanmagy başardy. Marketing çykdajylary hem goşulanda, täze filmiň umumy býujeti 180 million dollara barbar boldy.
Iki filmde hem baş keşpleri Meril Strip, Enn Heteueý, Emili Blant we Stenli Tuççi dagy janlandyrdylar. Filmdäki wakalar ýokary moda dünýäsinde, meşhur «Runway» žurnalynyň we onuň rehimşiz ýolbaşçysy Miranda Pristliniň daşynda ýaýbaňlanýar.
Iki filmiň hem režissýory Dewid Frenkeldir. Kinolaryň edebi esasy Loren Waýsbergeriň 2003-nji ýylda neşir edilen romanyna esaslanýar.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.