Oýun sanawy


Paýtagtymyzyň gözelligini wasp edýän täze zehinleriň arasynda bäsleşik geçirilýär
23 Few. 12:40Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtynyň baýramçylygy mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat» atly döredijilik bäsleşigine badalga berildi. Bu çäre «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy we Ýaşlar guramasynyň şäher geňeşi tarapyndan bilelikde guralyp, şäheriň binagärlik keşbini, arassalygyny we döwrebap ösüşlerini wasp etmegi maksat edinýär. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler özleriniň ozal hiç ýerde çap edilmedik makalalaryny we goşgularyny hödürläp bilerler.
Hünärine we ýaşyna garamazdan, ýurdumyzyň ähli raýatlary bu bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. Şertlere görä, hödürlenilýän makalalaryň göwrümi üç sahypadan aşmaly däldir. Döredijilik işleri şu ýylyň 15-nji maýyna çenli kabul edilýär. Iň şowly çykan eserler paýtagtymyzyň adyny göterýän gazetde çap ediler we okyjylar köpçüligine ýetiriler.
Bäsleşigiň netijeleri Aşgabat şäheriniň güni bellenilýän dabaralaryň öňüsyrasynda, ýagny maý aýynyň ortalarynda yglan ediler. Ýeňiji bolan awtorlara gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary we degişli Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Bu döredijilik synanyşygy şäherimiziň taryhynda we şu gününde bitirilýän beýik işleri geljekki nesillere ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.
Şeýle hem okanyň