Oýun sanawy

Kwentin Tarantino we Silwestr Stallone 1930-njy ýyllaryň ruhundaky täze serialyň üstünde işleýärler

25 Mart. 10:28

Çeşme

Golliwudyň iki meşhur wekili — Kwentin Tarantino we Silwestr Stallone birleşip, alty bölümden ybarat boljak täze we özboluşly taslamany taýýarlaýarlar. TMZ neşiriniň habar bermegine görä, bu täze serial tomaşaçylary XX asyryň 30-njy ýyllaryna, ýagny "köne Golliwudyň" dowruna alyp gider. Taslamanyň esasy aýratynlygy — onuň şol döwrüň hakyky atmosferasyny bermek üçin ak-gara görnüşde we şol wagtky kameralar arkaly surata düşürilmegidir.

Serialyň sýužeti 1930-njy ýyllaryň Amerikasynyň durmuşyny janlandyrar. Onuň merkezinde şol döwre mahsus bolan gangsterler, restranlardaky tansçy gyzlar, boks bäsleşikleri we özboluşly saz medeniýeti ýerleşer. Silwestr Stallone bu taslamada diňe režissýor hökmünde çykyş edip, özi ekranda görünmez. Häzirki wagtda aktyorlar düzüminiň saýlanyp alynmagy we surata düşüriş meýilnamalarynyň jikme-jiklikleri dowam edýär.

Şol bir wagtda Kwentin Tarantino diňe bu serial bilen çäklenmän, eýsem teatr dünýäsine hem gadam basmaga taýýarlanýar. Onuň ýazan täze pýesasynyň Londonyň meşhur West-End teatrlarynda sahnallaşdyrylmagyna garaşylýar. Bu teatr taslamasynyň premýerasy 2027-nji ýylyň başyna meýilleşdirilip, režissýoryň döredijiliginiň täze taraplaryny açyp görkezer diýlip garaşylýar.

Iki ussadyň bilelikdäki işi kinosöýüjileriň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Köne kinonyň tehniki we medeni aýratynlyklaryny häzirki zaman tejribesi bilen utgaşdyrjak bu serial, taryhy dramalaryň muşdaklary üçin hakyky sowgat bolar. Taslamanyň haçan ekrana çykjakdygy we beýleki jikme-jiklikleri ýakyn wagtda mälim ediler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌