Oýun sanawy

Altyn taryhy rekord goýdy: bir unsiýa üçin bahasy ilkinji gezek 5000 dollardan ýokary boldy

26 Ýan. 14:51

Çeşme

Şu gün dünýä biržalary taryhy pursady belläp, altynyň bahasy ilkinji gezek bir unsiýa üçin 5000 dollardan geçdi. Reuters agentliginiň maglumatlaryna görä, duşenbe güni irden bir unsiýa 5100 dollar bahasynda satyldy.

Bahalaryň ýokarlanmagy dünýäde geosyýasy dartgynlylygyň güýçlenmegi bilen baglanyşdyrylýar. Durnuksyz döwründe maýadarlaryň adatça altyny gorag aktiwi hökmünde kabul edip, işjeň satyn alandyklary bellenilýär. Şeýle hem ABŞ-nyň Hytaý bilen şertnama baglaşan ýagdaýynda Kanadadan import edilýän önümler üçin 100% göterim paç girizip biljekdigini aýtmagy goşmaça täsir etdi.

2025-nji ýylda altynyň bahasy ABŞ-nyň pul-karz syýasatynyň gowşadylmagy, Hytaý Merkezi bankynyň talaby we maýadarlaryň gymmat bahaly metallara bolan gyzyklanmasy sebäpli 64% ýokarlandy. Türkmenistanda hem bu taryhy derejä ýetmegi maýadarlaryň we maliýe bazar bilen gyzyklanýanlaryň ünsüni çekdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌