Oýun sanawy

“Galkynyş” toparynyň agzasy Merkezi Aziýada uly ýeňiş gazandy

11 Aprel. 11:40

Astana şäherinden gelen hoş habar türkmen ýaşlarynyň halkara derejesindäki üstünlikleriniň nobatdaky beýany boldy. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy-nyň talyby hem-de dünýäniň 6 gezek çempiony bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzasy Lukmanhekim Garajaýew halkara bäsleşikde uly üstünlik gazandy.

Ol Gazagystanda geçirilen «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşige gatnaşyp, özüniň ýokary bilim derejesini we giň dünýägaraýşyny üstünlikli görkezdi. Bu bäsleşik dürli ýurtlardan gelen zehinli ýaşlary bir ýere jemläp, olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilik berdi.

Lukmanhekim diňe bir okuwdaky üstünligi bilen däl, eýsem türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine bolan söýgüsi we bu ugurdaky ussatlygy bilen hem aýratyn tapawutlandy. “Galkynyş” toparynda gazanan tejribesi onuň çykyşyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Bäsleşigiň netijesinde Lukmanhekim Garajaýew:
— «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» diýen ada
— ýörite kuboga
— halkara derejeli döşe dakylýan nyşana
— I derejeli diploma mynasyp boldy

Bu üstünlik türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde öz ornuny barha berkidýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌