Oýun sanawy

Türkmenistan we Belgiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdebi ylym-bilim hyzmatdaşlygyny täze basgançaga çykarýarlar

23 Few. 11:36

Türkmenistanyň Belgiýadaky diplomatik wekilhanasy bilen Lýowen katolik uniwersitetiniň (KU Leuven) ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn akademiki gatnaşyklaryň täze ugurlary kesgitlenildi. Gepleşikleriň barşynda Ýewropanyň iň abraýly ylmy merkezleriniň biri bolan bu uniwersitetiň halkara ylmy-barlag taslamalaryndaky, aýratyn-da, «Horizon Europe» maksatnamasyndaky işjeň orny barada giňişleýin maglumat berildi. Uniwersitetiň wekili Merkezi Aziýa sebiti, hususan-da Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Türkmen tarapy öz gezeginde döwletimiziň taryhy-medeni mirasy, bitaraplyk syýasaty we halkara parahatçylyk başlangyçlary barada durup geçdi. Esasy üns milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ekologiýa, durnukly suw dolandyryşy, klimatologiýa we iň döwrebap sanly tehnologiýalar ugrunda ýokary derejeli hünärmenleri bilelikde taýýarlamak meselelerine çekildi. Taraplar bu ugurlarda yzygiderli tejribe alyşmagyň ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen KU Leuven uniwersitetiniň arasynda institutara ylalaşyklary baglaşmak we durnukly hyzmatdaşlyk platformasyny döretmek bellenildi. Şeýle hem, geçen ýyl türkmen diplomatynyň talyplar üçin geçiren umumy sapagynyň tejribesini dowam etdirmek we akademiki diplomatiýany ösdürmek barada birpikirli garaýyşlar beýan edildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar

26 Okt. 08:09

Çeşme

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.

Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.

Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌