Oýun sanawy


Şu günki tizlikli durmuşda ruhy durnuklylygy nädip saklamaly diýen sowal öňe çykýar. Bu sowala 900 ýyl öň akyldar we şahyr Omar Haýýam jogap beripdir.
1. Bagtyýarlyk — gündelik ownuk zatlarda
Ululy-kiçili baýramlar däl-de, gündelik ýakymly pursatlar — ýyly gün şöhlesi, dost bilen gepleşik, süýji ysly çaý — ruhy halymyza täsir edýär. Haýýam her pursatyň özünde bagty getirýän güýç bar diýýär.
2. Ýüküňi taşla!
Geçmişe gynanmak, gelejekden gorkmak — adamyň energiýasyny alýar. Psihologlaryň aýdyşy ýaly, diňe öz hereketleriň we duýgularyň ugrunda pikir etmek gerek. Şeýdip rahatlyk gazanylýar.
3. Beýlekiler bilen özüňi deňeşdirme!
Bir adam ýeňil hasaplap başga biriniň ýüküne göz gyzdyrýar. Emma soňra şol öňki ýükden başgasynyň has agyrdygyna göz ýetirýär. Bu hekaýa her adamyň öz aladasynyň, synagynyň bardygyny görkezýär.
4. Häzirki pursatda ýaşamagy öwren
Haýýam öz eserlerinde her pursatyň gaýtalanmajakdygyny nygtaýar. Şonuň üçin «häzirki pursaty tut» diýýär. Şu pursat — iň gymmatly baýlykdyr.
Netije: Ruhy rahatlyk daşardan däl, içerki düşünjeden we kabul edişlikden döräp biler.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň