Oýun sanawy

TMBIZ platformasynda Mega ýaryş jemlenýär: baýraklar, mümkinçilikler we sanly ösüş

14 Few. 10:24

Çeşme

Mübärek Remezan aýynyň öňüsyrasynda TMBIZ sanly platformasy tarapyndan guralan halallyk ýörelgelerine esaslanýan Mega ýaryşyň jemleýji tapgyryna girişilýär. Ýeňijileriň atlarynyň resmi taýdan yglan edilmegine sanlyja gün galan mahaly, platforma tarapyndan gatnaşyjylaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen goşmaça çäreler durmuşa geçirilýär.

 

Administrasiýa tarapyndan ýaryşdaky utuklaryň sanynyň artdyrylmagy bäsleşigiň has-da işjeňleşmegine getirdi. Bu ýagdaý gatnaşyjylaryň reýtingdäki ornuny gowulandyrmak mümkinçiligini artdyrýar hem-de soňky tapgyrda bäsdeşligi güýçlendirýär.

 

Baýrak gaznasynyň giňeldilmegi Mega ýaryşyň aýratynlygyny görkezýär. 1-nji orundan 30-njy orna çenli ýeňijilere dürli görnüşli gymmatly sowgatlar gowşurylar. Baş baýrak hökmünde häzirki döwrüň iň köp islenilýän enjamlarynyň biri — iPhone 17 Pro kesgitlenendir. Şeýle hem PlayStation 5 oýun konsoly, 65 dýumlyk Android telewizory, sowadyjy we beýleki tehniki enjamlary öz içine alýan baýraklar göz öňünde tutulýar.

 

TMBIZ platformasy Türkmenistanyň sanly ösüş strategiýasyndan ugur alnyp döredilen innowasion giňişlik hökmünde çykyş edýär. Ol ýaş türkmen programmistleriniň gatnaşmagynda taýýarlanan, döwrebap sanly mümkinçilikleri işjeň peýdalanmaga gönükdirilen çözgütdir.

 

Platformanyň işi sanly medeniýeti ösdürmäge, ulanyjylaryň işjeňligini artdyrmaga we maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmaga hyzmat edýär. Mega ýaryş bolsa, bu giňişligiň çäklerinde döredilen iň iri çäreleriň biri hökmünde çykyş edip, sanly ulgamdaky gatnaşyjylaryň işjeň gatnaşygyny höweslendirýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌