Oýun sanawy

Türkmenistan Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň täze bölegini gurýar

09 Iýun. 12:38

Çeşme

Häzirki döwrüň iň iri energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy owgan çäginde işjeň dowam edýär. Taslamanyň baş potratçysy bolan «Türkmengaz» döwlet konserni hem-de gurluşyk işlerini gös-göni amala aşyrýan «Türkmengazgurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan uzynlygy 153 kilometre deň bolan Serhetabat — Hyrat bölegini çekmek boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär.

Gurluşyk meýdançalarynda türkmen hünärmenleriniň — inženerleriň, kebşirleýjileriň, gazçylaryň we gurluşykçylaryň 700-e golaýy gije-gündizleýin zähmet çekýär. Işleriň bökdençsiz we hilli ýerine ýetirilmegi üçin döwrebap maddy-enjamlaýyn binýat döredilip, onda ýöriteleşdirilen tehnikalaryň 250-den gowragy ulanylýar. Olaryň hatarynda dünýä belli öndürijileriň «Komatsu» we «Zoomlion» kysymly ekskawatorlary, buldozerleri, turba goýujy hem-de turba çekiji enjamlary, şeýle-de kuwwatly awtokranlary bar.

Serhetabat — Hyrat böleginiň gurluşygyny zerur bolan enjamlar we çig mal bilen üpjün etmek maksady bilen, halkara şertnamalarynyň 17-si baglaşyldy. Şolaryň çäginde Hindistanyň «MAN Industries Ltd» kompaniýasy bilen bahasy 190 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan polat turbalaryň 150 müň metrden gowragyny satyn almak barada ylalaşyk gazanyldy. Häzirki wagta çenli önümleriň 108 müň metrden gowragy öndürilip, Poti, Alýat we Türkmenbaşy Halkara deňiz portlarynyň üsti bilen Owganystanyň çägindäki gurluşyk meýdançalaryna bellenilen tertipde ýetirildi.

Uzynlygy 153 kilometr bolan parça boýunça geodeziýa işleri doly tamamlandy we ugur potratçy edaralara resmi derejede tabşyryldy. Häzirki wagtda trassany arassalamak, tekizlemek, turbalary kebşirlemek, sepleri örtmek, garym gazmak hem-de turba geçirijini ýerleşdirmek işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, geljekde desgany howpsuz ulanmak üçin möhüm ähmiýete eýe bolan gözegçilik ýollarynyň 107 kilometrden gowragy gurlup ulanmaga berildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌