Oýun sanawy


5-nji aprelde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hem-de paýtagtymyzyň atçylyk sport toplumlarynda ýazky möwsümiň dabaraly açylyşy boldy. Aşgabatda jemi 10 sany, sebitleriň her birinde bolsa 5 sany çapyşyk guralyp, saýlama ahalteke bedewleri özleriniň ýyndamlygyny we gözelligini görkezdiler. Bäsleşikler köp sanly janköýerleriň gatnaşmagynda, ýokary ruhubelentlik we şowhun bilen geçdi.
Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirilen ýaryşlar dürli aralyklar boýunça dowam etdi. 1200 metr aralyga geçirilen ilkinji çapyşyklarda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Kamatly (1:24.2), Aşgabat şäher häkimligine degişli Eminaý (1:25.1) hem-de Ýokary kazyýetiň Ülkäm (1:22.6) atly bedewleri ýeňiş gazandylar. Şeýle hem G.Saparowyň hojalygyndan Aksakal (1:23.0) öz aýlawynda birinji gelmegi başardy.
Aralyk uzaldyldygyça bäsdeşlik has-da gyzyşdy. 1400 metr aralykda Kalbynur (1:37.7) we Bendesen (1:35.3) ýaly bedewler ýokary netije görkezdiler. 1600 metrde Messepli (1:51.0), 1800 metrde bolsa Şaly (2:04.6) atly bedewler pellehanany ilkinji bolup geçdiler. Ýaryşyň iň uzak menzili bolan 2000 metr aralyga geçirilen jemleýji çapyşyklarda bolsa Goçýigit (2:19.6) we Dowamat (2:20.6) atly dor atlar öz bäsdeşlerinden saýlanyp, baş baýraklaryň eýesi boldular.
Möwsümiň açylyş dabaralarynyň ahyrynda ýeňiji bolan bedewleriň eýelerine we çapyksuwarlara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu çäreler türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny artdyrmakda we atçylyk sportuny täze belentliklere götermekde nobatdaky möhüm ädim boldy.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.