Oýun sanawy


Fransiýanyň Grets-Armanwilýe şäherinde türkmen medeniýetiniň dabarasy boldy
06 Aprel. 07:17Fransiýa Respublikasynyň Grets-Armanwilýe şäherinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konsert maksatnamasy guraldy. Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy hem-de Medeniýet ministrligi tarapyndan bilelikde guralan bu çäre 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlandy. Medeni çäre iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary täze basgançaga çykarmakda möhüm ädim boldy.
Dabara ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri, diplomatik korpusyň agzalary, fransiýaly medeniýet işgärleri hem-de köp sanly ýerli ýaşaýjylar gatnaşdy. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew çykyş edip, medeni diplomatiýanyň halklary ýakynlaşdyrmakdaky we özara düşünişmegi berkitmekdäki ornuna ýokary baha berdi. Şeýle hem ol Grets-Armanwilýe şäheriniň ýolbaşçylaryna we «Fransiýa–Türkmenistan» assosiasiýasynyň ýolbaşçy düzümine goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Konsert maksatnamasynda türkmen halkynyň milli saz sungatyny we häzirki zaman aýdymlaryny öz içine alýan çykyşlar görkezildi. Artistleriň ussatlyk bilen ýerine ýetiren eserleri tomaşaçylary türkmen medeniýetiniň baý dünýäsi bilen tanyşdyrdy. Milli lybaslaryň öwüşgini we joşgunly sazlar dabaranyň belent ruhda geçmegini üpjün edip, fransuz jemgyýetçiliginde uly täsir galdyrdy.
Şeýle-de çäräniň çäklerinde guralan ýörite sergi myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Sergide türkmen halkynyň gadymy taryhyndan we häzirki zaman ösüşlerinden habar berýän gymmatlyklar, amaly-haşam sungatynyň nusgalary görkezildi. Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylara türkmen milli aşhanasynyň tagamlary hödürlenip, myhmanlar ýurdumyzyň myhmanperwerlik däpleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.